Hojambaz etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi | TDH
Ykdysadyýet

Hojambaz etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

опубликованно 27.10.2018 // 572 - просмотров
 

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň pagtaçylary uly zähmet üstünligini gazandylar, olar şu gün Watan harmanyna pagtanyň 21 müň 200 tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler.

26-njy oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz oba hojalygynda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde yzygiderli durmuşa geçirilýän ulgamlaýyn çäreler ýurdumyzyň oba hojalyk toplumyny ýokary girdejili pudaga öwürmäge gönükdirilendir. Şu maksatlary durmuşa geçirmek üçin hojalygy alyp barmagyň täze netijeli usullaryny peýdalanmak, oba hojalyk toplumynda hususy ulgamyň paýyny yzygiderli artdyrmak, öňdebaryjy kärendeçileri goldamak zerurdyr. Tutuşlygyna alnanda, bularyň hemmesi döwletimiziň ykdysadyýetini pugtalandyrmaga, ilatyň abadançylygyny ýokarlandyrmaga ýardam eder.

Döwlet Baştutanymyz ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde we ýitgisiz ýygnap almak üçin alada etmegiň öňde durýan möhüm wezipedigine ünsi çekip, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek barada wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek üçin häzirki wagtda welaýatlarda ýygym möwsüminiň depginini çaltlandyrmak, pagtany kabul ediş bölümlerine bökdençsiz daşamak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalarda gaýtadan işlemek üçin degişli çäreler görülýär.

Daýhanlaryň gazanýan ajaýyp üstünlikleri — bu ýurdumyzda oba hojalygyny ösdürmek, ýokary öndürijilikli işlemek, bereketli hasyl ösdürip ýetişdirmek, oba ilatynyň abadan we bagtly durmuşy bilen bagly meselelere berilýän üns-alada mynasyp jogapdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygy pudagynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri has-da kämilleşdirmäge gönükdirilen hem-de şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Halk Maslahatynda biragyzdan kabul edilen başlangyçlary daýhanlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Mälim bolşy ýaly, Halk Maslahatynda oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek, ýer-suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, oba hojalygyna hususy haryt öndürijileri giňden çekmek boýunça kabul edilen çözgütleri durmuşa geçirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiz Karara gol çekip, Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetleri, daýhan hojalyklary, beýleki ýuridik şahslar hem-de raýatlar üçin oba hojalyk maksatly ýer gaznasynyň mukdaryny 117 müň 774,9 gektar möçberde tassyklady.

Bu resminama bilen şol gaznadan ýer böleklerini haryt öndürijilere 99 ýyla çenli möhlet bilen peýdalanmaga bermek, ýer bölekleriniň azyndan 70 göteriminde şertnamalaýyn esasda bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk ekinlerini, galan ýer böleginde bolsa ylmy esasda ekin dolanyşygyny geçirmek üçin döwlet tabşyrygyna girmeýän oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmek şerti bilen bermek bellenildi.

Oba hojalyk maksatly ýörite ýer gaznasyndan 2019-njy ýylda döwlet tabşyrygyna girýän oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin hususy oba hojalyk önümlerini öndürijilere ýer bölekleri uzak möhletleýin peýdalanmaga bellenilen tertipde berildi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň talap edişi ýaly, ösdürilip ýetişdirilen bereketli hasyly öz wagtynda soňky übtügine çenli ýygnap almak hem-de ýurdumyzyň “ak altyn” harmanyna goşmak üçin hem-de şu ýylyň pagta ýygymy möwsümini üstünlikli tamamlamak ugrunda hem ähli zerur bolan guramaçylyk çäreleri görülýär.

Amyderýa jülgesinde hem zähmet gaýnap joşýar. Lebap welaýatynda gowaça ekilen 120 müň gektarda ýurdumyzyň seçgiçileri tarapyndan bu sebitiň toprak-howa şertleri üçin işlenip taýýarlanylan pagtanyň iň gowy sortlary ekildi.

Bu gün bolsa hojambazly pagtaçylar öz zähmet ýeňişlerini baýram edýärler. Dabaranyň çäklerinde önümçiligiň öňdebaryjylaryny — kärendeçi pagtaçylary, kombaýnçy mehanizatorlary, sürüjileri hem-de döwletiň öňde goýan wezipelerini ýerine ýetirmäge öz goşantlaryny goşan beýleki adamlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Welaýatyň aýdymçylary we sazandalary, tans we döredijilik toparlary konsert maksatnamalary bilen çykyş etdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter