Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 27.10.2018 // 548 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen agyr wakuum gazoýlyny hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen karbamidi satyn aldylar. Şeýle hem bu önüm Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleriniň geleşikleriniň esasyny düzdi. Bulardan başga-da, Irlandiýadan, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Türkiýeden, Owganystandan, Gyrgyzystandan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýna, nah ýüplük we mata satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 40 million dollaryna golaý boldy.

Manat serişdelerine Russiýanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň işewürleri jemi bahasy 3 million 871 müň manatlykdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter