Sebit guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi | TDH
Sport

Sebit guramasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi

опубликованно 23.05.2015 // 934 - просмотров
 

Aşgabat, 23-nji maý (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynyň maslahat zalynda Merkezi Aziýa boýunça dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty boldy. Oňa gatnaşmak üçin Gazagystandan, Özbegistandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Owganystandan, Pakistandan, Mongoliýadan, şeýle hem Bütindünýä dopinge garşy agentliginden wekiller türkmen paýtagtyna geldiler.

Türkmenistanyň Milli olimpiýa komiteti we ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk baradaky Ýerine ýetiriji komitet bu duşuşygy guradylar.

Aşgabatda Aziada—2017-de taýýarlygyň çäklerinde halkara derejesindäki dürli çäreleriň geçirilmeginiň möhümdigi barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda halkara ülňülerine laýyk gelýän degişli döwrebap düzümi kemala getirmek boýunça giň möçberli işler ýaýbaňlandyrylandygyny we jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ykrar edilmegi, türkmenistanlylaryň, ilkinji nobatda bolsa, ýaş nesilleriň bedenterbiýe-sport bilen meşgullanmaga çekilmegi babatda maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýändigini bellediler.

Aziada—2017 diňe bir Türkmenistanyň halkara sport abraýynyň ýokarlanmagyna däl-de, bu ileri tutulýan ugurda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge, ýer ýüzünde olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini mundan beýläk-de wagyz etmäge ýardam bermelidir. Bäsleşikler açyk ýagdaýda gadagan edilen serişdeleriň ulanylmagynyň aradan aýrylmagy bilen geçirilmelidir. Mundan hem başga, dopinge garşy göreş eger-de ähli ýurtlar hem-de degişli guramalar jebisleşip, türgenleriň gadagan edilen serişdeleri peýdalanmaklaryna garşy bilelikde çykyş etseler has-da netijeli bolar.

Türkmen türgenleriniň ýüzlerçesi dünýä we Aziýa ýaryşlarynyň çempionlary we baýrak eýeleri boldular. Munuň özi bitarap döwletimiziň durmuşa geçirýän “açyk gapylar” syýasatynyň we hormatly Prezidentimiziň köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini hem-de ýokary netijeli sporty ösdürmek babatda ýadawsyz tagallasynyň we yzygiderli ünsüniň netijesidir.

Sebitleýin guramanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisine gatnaşyjylar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dopinge garşy syýasatynyň dürli ugurlaryny, şeýle hem bu sebitiň döwletleriniň sportda dopinge garşy göreşde mundan beýläk-de strategiýasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşygyň barşynda bilim taslamalaryny, bilelikdäki maksatnamalary durmuşa geçirmegiň çäklerindäki işi we gatnaşyklary ösdürmegiň meselelerine, şeýle hem dopinge garşy göreş ulgamynda monitoringi amala aşyrmak meselelerine garaldy.

Dopinge garşy sebit guramasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň maslahaty bilen bir hatarda milli hünärmenler üçin okuw maslahatlary guraldy. Beýik Britaniýanyň dopinge garşy komitetiniň bilermenleri Emma Eýrian Praýs, Mýurreý Kemeron Bruk we Stiwen Alan Roberts bu çärä gatnaşyjylaryň öňünde çykyş etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter