Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda

опубликованно 01.11.2018 // 818 - просмотров
 

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 25-nji, 54-nji we 56-njy maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Annageldi Allalyýewiç Nuryýewi Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Öwezmyrat Sapargeldiýewiç Bäşimowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Ahal welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ogulgöwher Şamuhammedowna Gylyçlyýewany Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Amangeldi Döwletgeldiýewiç Allaberenowy Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, Lebap welaýat kazyýetiniň Prezidiumynyň düzümine girizmeli we ony Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Merdan Mämmetgeldiýewiç Täçmämmedowy Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maksatmyrat Annagulyýewiç Myradowy Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Ogulsapar Amandurdyýewna Hallyýewany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Selbi Ataýewna Myradowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şemşat Annagulyýewna Gurbanowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Jepbar Saparmyradowiç Mälikowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gurbangül Ilýasowna Ilýasowany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Maýsa Gurbandurdyýewna Abdyýewany, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Şamyrat Çaryýewiç Almazowy, ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 1-nji noýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter