Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mejlisi

опубликованно 02.11.2018 // 779 - просмотров
 

Şu gün türkmen paýtagtynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-owgan toparynyň 7-nji mejlisi geçirildi. Owgan tarapyndan Owganystan Yslam Respublikasynyň maliýe ministriniň wezipesini ýerine ýetiriji Mohammad Humaýun Kaýumi topara başlyklyk etdi.

Dostlukly döwletleriň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň gatnaşan mejlisiniň gün tertibine geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň meseleleriniň giň toplumy girizildi. Taraplar häzirki hereket edýän döwletara ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki işiň netijelerini seljerdiler.

Mejlisiň barşynda medeni-ynsanperwer ugurda gatnaşyklary çuňlaşdyrmak hem-de ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bilim we syýahatçylyk ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň özara meýilleri beýan edildi.

Gatnaşyjy döwletler üçin syýasy, durmuş we ykdysady tarapdan möhüm uzak möhletleýin energetika taslamasy bolup durýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň ähmiýeti bellenildi.

Mejlisiň dowamynda iki ýurduň demir ýol ulaglary edaralarynyň arasynda geçirilen gepleşikleriň netijesinde Akina stansiýasyny ösdürmek üçin demir ýol şahasyny gurmak barada Ähtnama gol çekildi.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-owgan toparynyň işiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter