Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynyň ilkinji medallary | TDH
Sport

Dünýä çempionatynda Türkmenistanyň toparynyň ilkinji medallary

опубликованно 02.11.2018 // 926 - просмотров
 

Şu gün paýtagtymyzda geçýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ilkinji ýeňijiler mälim boldy. Olaryň hatarynda 45 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän ildeşimiz Ýulduz Jumabaýewa hem bar.

Türkmen türgeni başda 75 kilogram agramlygy ynamly götermegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, onuň tailandly bäsdeşleri ozal sargyt eden 80 kilograma derek agramlyklary 76 we 77 kilograma çenli azaltdylar we olary götermegi başardylar. Ikinji we üçünji synanyşykda Ýulduz Jumabaýewa 79 kilogram agramlygy göterip bilmedi. Emma onuň gazanan netijesi silkip götermek ugry boýunça dünýä birinjiliginiň bürünç medalyna mynasyp bolmaga mümkinçilik berdi. Tailandly türgenler altyn we kümüş medallary eýelediler.

Emma iki ugur boýunça hem-de itekläp götermekde güýç synanyşmalydy. Şunda Ý.Jumabaýewa 94 kilogram agramlygy göterip, iki medaly gazandy. Onuň bäsdeşleri hem şowly çykyş etdiler. Soňra olaryň biri 100 kilogram agramlygy galdyrdy we netijede birinjiligi eýeledi, beýlekisi bolsa bu agramlygy göterip bilmedi.

Biziň ildeşimiz ikinji çykyşynda ýetginjekleriň arasynda dünýä rekordyny goýmak niýeti bilen, 104 kilogram agramlygy sargyt etdi. Ý.Jumabaýewa bu agramy galdyrdy we eminler bu netijäni hasaba aldylar. Emma olar maslahatlaşyp, bu synanyşygyň kada laýyk gelmeýändigine salgylanyp, öz kabul eden çözgüdini ýatyrdylar. Türkmen türgeni ýene-de şeýle agramlygy götermäge synanyşmaly boldy. Emma başarmady. 107 kilogram agramlygy götermäge synanyşmak bilen, bäsdeşinden öňe geçmek umydy hem şowsuz boldy. Ýulduz Jumabaýewa iki görnüşiň jemi boýunça 169 kilogram agramlygy göterip, bürünç medallaryň üçüsini eýeläp, ýaryşlary mynasyp derejede tamamlady.

Aşgabat dünýä çempionatynda ýetginjekleriň arasynda ýene-de bir dünýä rekordy goýuldy. Wenesuelaly on ýedi ýaşly türgen Eçandiýa Zarat Katerin Oriana 90 kilogram agramlygy itekläp göterip, talap edilýän derejeden bir basgançak artyk agramlygy galdyrdy. Bu bolsa oňa bu ugurda we netijeleriň jemi boýunça dördünji orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

Şeýle hem erkekleriň arasynda ýeňiji kesgitlenildi. Ýun Çol Om (KHDR) 55 kilogram agram derejesinde ýeňiji bolup, şol bir wagtda itekläp götermekde 162 kilogram görkeziji bilen dünýä rekordyny goýdy. Ol silkip götermekde 120 kilogram we jemi 282 kilogram agramlygy göterip, bu agram derejesinde ähli medallary eýeledi. Silkip götermekde we jemi görkeziji boýunça Arli Çonteý (Gazagystan) kümüş medala mynasyp boldy. Jemi görkeziji boýunça italýan türgeni Mirko Skarantino üçünji orny eýeledi. Bu agram derejesinde iki ýetginjek dünýä rekordyny goýmakda ululara goşuldylar: Bolgariýadan Angel Hreskow Rusew silkip götermekde 108 kilogram netije görkezdi. Tirepat Çamçue (Tailand) itekläp götermekde 141 kilogram netije görkezip, bu ugur boýunça bürünç medaly eýeledi.

Erkekler toparynda 67 (C topary) we 73 (D topary) kilograma çenli agram derejelerinde ýaryşlar badalga aldy. Birinji toparda üç görkeziji — ştangany çekip, itekläp galdyrmak hem-de olaryň jemi agramy boýunça

iň gowy ilkinji netijäni Ispaniýadan gelen Wiktor Kastro Marino gazandy. D toparynda Açinta Şeuli (Hindistan) öňdeligi eýeläp, jemi görkezijiler boýunça ýakyn bäsdeşinden 26 kilogram möçberinde üstün çykdy. Agram derejeleriniň ikisinde hem bäsleşikler ertir dowam eder.

Zenanlaryň arasynda ýaryşlar 49 kilograma çenli agram derejesinde C we B toparlarynda geçirildi. Kolumbiýadan gelen 19 ýaşly türgen gyz Ana Iris Segura Segura öňe geçip, 180 kilogram derejesinde umumy agramy öz hasabyna ýazdy.

B toparynda 61 kilograma çenli agram derejesinde ýetginjekleriň arasynda nobatdaky dünýä rekordy göz öňünde tutuldy, emma italýan türgenine zerur bolan netijä çenli iki kilogram agram ýetmedi.

Şu agram derejede öňdäki orny häzirlikçe Ýonçy Itokazu eýeleýär. Ol 6 synanyşykdan diňe birini ýerine ýetirip bilmän, jemi iki görnüşde 296 kilogram agram toplady we ýakyn bäsdeşinden 10 kilogram öňe geçmegi başardy. Bu agram derejäniň jemleýji A toparynda ýaryşlar ertir geçiriler.

Ýaryşlaryň üçünji gününde zenanlaryň arasynda ýeňijiler kesgitleniler, 55 kilograma çenli agram derejesindäki toparda halkara ýaryşlarda, şol sanda dünýä çempionatynda birnäçe gezek baýrakly orunlary eýelän Kristina Şermetowa Türkmenistana wekilçilik eder.

Türgenlerimiziň ýeňişlerine garaşýarys.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter