Pagta ýygymynyň öňdebaryjylarynyň sany artýar | TDH
Ykdysadyýet

Pagta ýygymynyň öňdebaryjylarynyň sany artýar

опубликованно 04.11.2018 // 676 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirilmeginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, pudagyň düşewüntliliginiň artdyrylmagyna, düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli görnüşli önümçilikleriň möçberiniň köpeldilmegine gönükdirilen oba hojalygyny özgertmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýratyn nygtady.

Döwlet Baştutanymyz pagta ýygym möwsümini hem öz wagtynda tamamlamak meselelerine pudagyň ýolbaşçylarynyň ünsüni çekdi. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti bilen ýetişdirilen obasenagat toplumynyň örän gymmatly önümi — pagta hasylynyň doly ýygnalyp alynmagy zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi.

Şu günler pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň ekerançylary hasabat berdiler, olar 28 müň tonnadan gowrak pagta ýygnadylar, şeýle hem Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň daýhanlary Watan harmanyna 57,5 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyryp, meýilnamany ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.

Çärjew etraby Lebap welaýatynyň iň iri oba hojalyk önümlerini, şol sanda pagta öndürýän etrabydyr. Şu möwsümde etrapda 18,5 müň gektara gowaça ekilip, her gektaryň hasyllylygy 31 sentnerden hem artdyryldy.

Etrabyň H.Hajyýew, S.Nyýazow adyndaky, “Parahat”, “Watan”, “Jeýhun” daýhan birleşikleriniň pagtaçylary döwlet tabşyrygyny artygy bilen berjaý edip, etrabyň zähmet ýeňşine uly goşant goşdular.

Sarahs we Çärjew etraplarynyň ekerançylarynyň pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça gazanan üstünlikleri olaryň birnäçe aýyň dowamynda gowaça ideg etmek, agrotehniki kadalary berjaý etmek, hasyllylygy ýokarlandyrmak ugrunda öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça alyp baran işleriniň netijesidir.

Ýetişdirilen hasyly iň soňky hanasyna çenli ýygnamak üçin daýhanlar yhlasly zähmet çekýärler. Olar “Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” şygary bilen geçýän ýyly zähmet üstünliklerine beslemäge çalyşýarlar. Bu bolsa olaryň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan oba ilaty, olaryň netijeli zähmet çekmegi hem-de abadan durmuşy üçin döredilýän ähli şertlere mynasyp jogabydyr.

Ýygym möwsümine gatnaşyjylar ýurdumyzyň pagtaçylarynyň öňünde goýlan möhüm wezipäni özleriniň ýadawsyz zähmeti bilen abraý bilen berjaý etmek hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak ugrunda pagta ýygymynyň depginini has-da ýokarlandyrmaga çalyşýarlar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter