Pagta ýygymynyň depgini: 1 million tonna «ak altyn» taýýar! | TDH
Ykdysadyýet

Pagta ýygymynyň depgini: 1 million tonna «ak altyn» taýýar!

опубликованно 05.11.2018 // 562 - просмотров
 

Diýarymyzyň pagtaçylary şanly sepgidi eýelediler — ýurdumyzyň kabul ediş bölümlerine «ak altynyň» 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.

Ekerançylaryň bu üstünligi — oba hojalyk önümçiligine gatnaşyjylaryň ählisiniň umumy tagallasynyň jemidir hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk özgertmeleriniň çäklerinde durmuşa geçirilýän giň gerimli çäreleriň miwesidir. Ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy, obasenagat toplumynyň sebitler boýunça ýöriteleşdirilmegi, ekerançylyga bazar gatnaşyklarynyň ýörelgeleriniň sazlaşykly ornaşdyrylmagy — bular hem-de beýleki möhüm wezipeleriň ençemesi Türkmenistanyň häzirki zaman obasenagat syýasatynda täze many-mazmuna we anyk durmuşa geçirilişe eýe boldy.

Bularyň hemmesi bolsa öz gezeginde türkmen obalarynyň keşbiniň özgerdilmegi, ekerançylygyň medeniýetiniň ýokarlandyrylmagy, döwrebap obasenagat düzümleriniň we gaýtadan işleýän kärhanalaryň döredilmegi, hususy ulgamyň işjeň ösdürilmegi ýaly häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän ägirt uly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda oba hojalyk pudagyna maksada gönükdirilen goldaw berilýär. Bu kömek-goldaw obasenagat toplumynyň ähli önümçilik düzüminiň tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyrylyşynda hem-de döwrebaplaşdyrylyşynda, oba zähmetkeşlerini mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň ösdürilmeginde we meliorasiýa meseleleriniň oňyn çözgüdinde öz aýdyň beýanyny tapýar. Obasenagat toplumy üçin häzirki zaman traktorlary, kombaýnlary we beýleki tehnikalar yzygiderli satyn alynýar.

Zähmetiň ýokary derejede mehanizmleşdirilmegi hem-de awtomatlaşdyrylmagy oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini we daýhanlaryň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmagyň möhüm ugrudyr. Bu ulgamdaky maksada gönükdirilen çäreler oba zähmetkeşleriniň abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaş işgärleri önümçilige çekmäge we ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmaga mümkinçilik berdi.

Ýurdumyzyň ekin meýdanlarynda “СLAAS”, “John Deere” ýaly bütin dünýäde belli kompaniýalaryň tehnikalaryny, Daşkent oba hojalyk tehnikalary zawodynyň pagta ýygyjy kombaýnlary we beýlekiler giňden ulanylýar. Guraýjylaryň we inženerleriň — işläp taýýarlaýjylaryň zähmeti netijesinde tehnikalar ýyl-ýyldan barha kämilleşdirilip, öndürijilikli we dolandyryşda amatly häsiýetlere eýe bolýar.

Pagtaçylyk we däneçilik ýurdumyzda ekerançylygyň strategik ugurlarydyr. “Ak altynyň” we ak bugdaýyň önümçiligi hem-de gaýtadan işlenilişi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän möhüm obasenagat syýasatynyň hataryna girýär. Telekeçilik başlangyçlarynyň hemmetaraplaýyn goldanmagy, eýeçiligiň dürli görnüşlerini ösdürmegiň höweslendirilmegi düýpgöter täze ykdysady ulgamda durmuşa geçirilmegi oba hojalyk özgertmeleriniň häsiýetli aýratynlygyna öwrüldi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2019-njy ýyldan başlap, bugdaýyň we pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Döwlet tabşyrygyna degişli bugdaýy, pagtany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmek, şeýle hem gök we bakja ekinlerini, ýeralmany hem-de miweli agaçlary ösdürip ýetişdirmek üçin daýhan birleşikleriniň sürümli ýerlerinden oba hojalyk ähmiýetli ýörite ýer gaznasy döredildi. Bu gaznadan peýdalanmak üçin Türkmenistanyň paýdarlar jemgyýetlerine, daýhan hojalyklaryna, beýleki ýuridiki şahslara we raýatlara 99 ýyla çenli möhlet bilen ýer bölekleri bölünip berildi.

Mundan başga-da, daýhan birleşikleri we hojalyklary, oba hojalyk paýdarlar jemgyýetleri we ylmy-barlag institutlary, kärendeçiler, hususy telekeçiler hem-de beýleki oba hojalyk önümlerini öndürijiler ýeňillikli bank karzlaryny, şol sanda oba hojalygynda ulanylýan tehnikalary hem-de enjamlary satyn almak üçin karzlary alyp bilerler.

Ýygym möwsümi dowam edýär, her günde “ak altynyň” müňlerçe tonnasy kabul ediş bölümlerine tabşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkymyzyň abadançylygynyň mundan beýläk-de ýokarlandyrylmagynyň bähbidine ýurdumyzyň pagta baýlygyny artdyrmak boýunça ekerançylaryň öňünde goýan möhüm wezipelerini abraý bilen ýerine ýetirmek üçin sazlaşykly, tutanýerli zähmet esasynda ýygym möwsüminiň depgini has-da güýçlendirilmelidir.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter