Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi | TDH
Ykdysadyýet

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

опубликованно 05.11.2018 // 561 - просмотров
 

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň pagtaçylary Daşoguz welaýatynda ilkinji bolup, döwlete pagta tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat ber-diler. Watan harmanyna 47 müň 200 tonnadan gowrak «ak altyn» tabşyryldy. Şu günler etrabyň ekerançylary ýetişdirilen bol hasyly iň soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnamak ugrunda ähli tagallalary edýärler.

Bellenen maksada ýetmekde pagtany göz öňünde tutulandan has köp öndüren “8-nji mart”, “Döwletli”, “Türkmenistan”, “Azatlyk” we beýleki daýhan birleşikleriniň zähmetkeşleri saldamly goşant godular. Bu etrap Daşoguz welaýatynda gymmatly çig mal bolan pagtany iň köp öndürijidir. Bu ýerde 28 ýarym müň gektarda gow-aça ekilýär. Ýygym möwsüminde etrabyň ekin meýdanlarynda ýokary öndürijilikli pagta ýygyjy kombaýnlaryň 60-a golaýy işledildi.

Pagtaçylaryň belleýşi ýaly, bu zähmet ýeňşi döwlet tarapyndan ekerançylara maksada gönükdirilen goldawyň netijesinde gazanyldy. Soňky ýyllarda tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem obasenagat top-lumynyň önümçilik düzümi tehniki taýdan täzeden enjamlaşdyryldy we döwrebaplaşdyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalyk önümlerini öndürijileri yzygiderli höweslendirýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy bolan Halk Maslahatynda gol çeken “Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda” Karary ekerançylaryň zähmet öndürijiliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam berýär.

Zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, gowaçanyň ýerli howa şertlerine uýgunlaşan hasylly görnüşlerine uly ähmiýet berilmegi bu üstünligiň gazanylmagynyň girewi boldy.

Ýygym möwsüminiň barşynda bol hasyly ösdürip ýetişdirmek we ýygnamak işi bilen meşgullanýanlaryň hemmesi — kärendeçiler we mehanizatorlar, kabul ediş bölümleriniň hem-de pagtany gaýtadan işleýän kärhana-laryň işgärleri, awtoulaglaryň sürüjileri sazlaşykly işlediler.

Etrapda döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda bolan dabaralarda bu zähmet ýeňşini gazanmaga mynasyp goşant goşan öňdebaryjylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Etrabyň pagtaçylary mundan beýläk-de öz öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri mynasyp ýerine ýetirmek ugrunda tejribelerine daýanyp, tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimu-hamedowy ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter