Türkmengala etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi | TDH
Ykdysadyýet

Türkmengala etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

опубликованно 06.11.2018 // 575 - просмотров
 

Şu gün Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň pagtaçylary pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hoş habar berdiler. Olar ata Watanymyzyň harmanyna “ak altynyň” 32 müň 400 tonnadan gowragyny goşdular.

Bereketli hasyl oba hojalyk önümçiligini giňeltmegiň, gowaçanyň etraplaşdyrylan görnüşlerini peýdalanmagyň, möwsümiň takyk tertibiniň, ýörite tehnikalara dessin hyzmat etmegiň, zerur agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň hasabyna üpjün edilýär.

Döwletimiziň maliýe taýdan goldaw bermegi, şol sanda ýer üçin ujypsyz töleg görnüşinde paç almagy, salgytlary tölemekden doly boşatmagy daýhanlar üçin uly goldaw bolup durýar. Tehnikalara hyzmat etmek, tohumlar, mineral dökünler, suwaryş suwy bilen üpjün etmek hem-de hyzmatlaryň beýleki görnüşleri kärendeçilere we daýhan birleşiklerine ýeňillikli şertlerde berilýär. Bulardan başga-da, oba hojalyk taslamalaryny ýeňillikli karzlaşdyrmak ulgamy giňden ulanylýar. Olary amala aşyrmak üçin ministrliklere, pudaklaýyn edaralara, kärhanalara, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hem-de daýhan hojalyklaryna ýer bölekleri berilýär.

Ýerleriň tabyny we ekinleriň hasyllylygyny artdyrmakda, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, tohumçylyk seçgiçiligini ösdürmekde ylma möhüm orun degişlidir. Türkmen alymlaryň ygtyýarynda ugurdaş ylmy-barlag institutlarynyň, tejribe hojalyklarynyň, ylmy-önümçilik merkezleriniň tutuş ulgamy bar. Olar gowy dünýä tejribesini öwrenmek, ylmy-barlaglary geçirmek we esasy zat — geljegi uly işleri durmuşa ornaşdyrmak boýunça hakyky synag meýdanlaryna öwrüldi.

Türkmengala etrabynyň daýhanlarynyň döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirmegi mynasybetli guralan dabaraly çäre uly baýramçylyga öwrülip, oňa welaýat häkimliginiň wekilleri, pagta möwsüminiň öňdebaryjylary, köp sanly ýerli ýaşaýjylar we döredijilik toparlary gatnaşdylar.

Etrabyň pagtaçylary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa oba ilaty barada yzygiderli aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini beýan edip, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmak üçin ähli tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter