Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine gutlag hatyny iberdi

опубликованно 11.11.2018 // 748 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyzyň, Hökümetiň adyndan hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Sloweniýa Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti Borut Pahora hem-de dostlukly slowen halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ösüş we abadançylyk maksatlaryna esaslanýandygyny belledi. Milli Liderimiz Türkmenistanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýokary gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, iki halkyň bähbitlerine ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljekde hem ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Sloweniýa Respublikasynyň Prezidentine berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, dostlukly slowen halkyna bolsa gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter