Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY

опубликованно 11.11.2018 // 952 - просмотров
 

Hasyl toýy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda

Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, oba we suw hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, öňdebaryjy tejribäni önümçilige ornaşdyrmakda, ekerançylykda, pagtaçylykda we meliorasiýada gazanan ýokary netijeleri, Garaşsyz döwletimiziň we mähriban halkymyzyň öňünde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Hasyl toýy mynasybetli, karar edýärin:

Ýurdumyzyň şu raýatlaryny Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly bilen sylaglamaly:

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Döwletgeldi Baýrammyradowiç Şahyýewi,

Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň «Zähmet» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şamyrat Amangeldiýewi,

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň «Sünçe» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dörtguly Altaýewi,

Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Gökdepe» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Täçmyrat Allaberdiýewiç Berdiýewi,

Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Baýram Çaryýewiç Jumanýazowy,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşiginiň işçisi Annatuwak Aşyrowna Gurbangeldiýewany,

Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň «Magtymguly» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Täçgeldi Sapardurdyýewi,

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Güýçmyrat Çarymyradowiç Ataýewi,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Gubadag» daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Sapargylyç Taganowy,

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň bugdaý kärendeçisi Käbegül Ýagmyrowany,

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «Goşahowly» daýhan birleşiginiň pagta kärendeçisi Sapar Çalyýewiç Ataýewi,

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta kärendeçisi Pahraddin Omirbaýewiç Ýuldaşowy,

Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň başlygy Hakymbaý Şajanowiç Agaýewi,

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň J.Mähremow adyndaky daýhan birleşiginiň topar ýolbaşçysy Nurmurat Allakulyýewiç Temirowy,

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serbijan Seýidowany,

Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň «Farap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Dilber Şammiýewna Babamyradowany,

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň «Amyderýa» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Ogulnar Italmazowna Hallyýewany,

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň mehanizatory Gaýgysyz Rahimowiç Joraýewi,

Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Atamyrat Gurbangeldiýewiç Amanowy,

Mary welaýatynyň Türkmengala etrabynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçisi Mämmet Rahymowiç Mämmedowy,

Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Toýmyrat Gurbandurdyýewiç Öwezgeldiýewi,

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň «Aşgabat» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Serdar Şemmetowiç Myradowy,

Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň «Marçak» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Şöhrat Agajumaýewiç Zaýyrowy;

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri» diýen hormatly ady dakmaly:

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň baş inženeri Aşyrmuhammet Öwezowiç Çaryýewe,

Türkmenistanyň Oba we suw hojalyk ministrliginiň «Marysuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Murgap Altyn asyr Türkmen köl gurluşyk» önümçilik dolanyşygynyň buldozerçisi Amangeldi Begliýewe.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2018-nji ýylyň 9-njy noýabry.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter