Gözelligiň we çeýeligiň baýramçylygy | TDH
Sport

Gözelligiň we çeýeligiň baýramçylygy

опубликованно 29.03.2015 // 860 - просмотров
 

Ýurdumyzda geçirilýän köp sanly sport ýaryşlarynyň hatarynda çeper gimnastika boýunça geçen dynç güni bolan Türkmenistanyň çempionaty ýatda galyjy wakalaryň birine öwrüldi. Paýtagtymyzdaky “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinden sportuň bu görnüşi bilen meşgullanýan wekilleriniň iň gowulary ýygnandylar.

Gözelligiň we çeýeligiň ýaryşlaryna türgenleriň 50-ä golaýy gatnaşdy. Bäsleşikleriň jemleri boýunça paýtagtymyzyň toparynyň wekilleri ýaryşa ýokary taýýarlykly gelendiklerini äşgär etdiler. Olar çempionatyň altyn medallarynyň hemmesini diýen ýaly eýelemegi başardylar. Mundan başga-da, aşgabatly türgenler birnäçe toparlarda baýrakly orunlaryň hemmesine mynasyp boldular.

Şeýle hem aşgabatly tälimçiler Jemile Myradowanyň, Maral Nazarowanyň we Weronika Gorýunowanyň tälim berýän türgenleri sport ussatlary toparyndan Maýsa Rejebowa, sport ussatlygyna dalaşgär Dünýägözel Atanyýazowa, birinji derejeli türgen Tatýana Žilkina we üçünji derejeli türgen Nika Gorýunowa, ýetginjekleriň arasynda üçünji derejeli türgen Selina Boýnyýogyn Türkmenistanyň bu gezekki çempionatynda baýrakly orunlary eýelediler.

Mary welaýatyndan gelen ikinji derejeli türgen Walentina Sawiçewa (onuň tälimçisi Fiza Aýwazowa) bir toparda ýeňiş gazanyp, altyn medala mynasyp boldy.

Balkan welaýatyndan gelen türgenleriň hatarynda Galina Paýarkinanyň tälim berýän türgenleri birinji derejeli türgen Waleriýa Şükürowa hem-de sport ussatlygyna dalaşgär Irina Brehowa kümüş medallara mynasyp boldular.

Bäsleşikleriň barşynda türgenleriň görkezme çykyşlaryna hem giň orun berildi. Erkin görnüşde çykyş eden dört ýaşly Medine Hudaýberdiýewa ýaryşlara tomaşa edýänleriň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Medine özüniň ýaşyna garamazdan ýokary ussatlyk görkezýär. Hünärmenleriň bellemegine görä, ýaş türgeniň uly geljegi bar.

Çeper gimnastika bilen meşgullanýan türgenler ýurdumyzyň Kubogy ugrunda şu ýylyň maýynda Aşgabadyň “Demirýolçy” bedenterbiýe-sagaldyş toplumynda geçirilmegi meýilleşdirilýän jogapkärli milli ýaryşlara taýýarlyk görýärler.

Şu ýylyň 31-nji martynda Lebap welaýatynyň merkezinde çeper gimnastika boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň geçiriljekdigini bellemeli. Oňa ýurdumyzyň ussat türgenleri gatnaşarlar. Türgenler ýaş aýratynlyklaryna we derejelerine laýyklykda medallar ugrunda bäsleşerler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter