Türkmenistanda Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanda Mongoliýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işläp başlady

опубликованно 12.11.2018 // 685 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Luwsan Battulgadan ynanç hatyny kabul etdi.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy ilçini döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda dostlugy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Ilçi hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýolbaşçylarynyň iberen salamyny hem-de mähirli arzuwlaryny aýdyp, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň üstünlikli öňe gitmegi üçin ähli güýjüni gaýgyrmajakdygyny beýan etdi.

Söhbetdeşligiň barşynda ilçä hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary barada habar berildi, ol Garaşsyz türkmen döwletiniň esasy maksadynyň — raýatlaryň abadançylygyna gönükdirilen iri möçberli taslamalaryň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň möhüm ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Şeýle hem doly ygtyýarly wekile türkmen parlamentiniň düzümi hem-de işi, kanunçykaryjylyk işi we halkara gatnaşyklary barada habar berildi.

Diplomat Türkmenistanyň giň gerimli üstünliklerine uly gyzyklanma bildirip, özara bähbitli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi.

Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň halklaryny netijeli döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly esasy bolan dünýäde parahatçylyga we ylalaşyga gyzyklanmanyň birleşdirýändigi nygtaldy.

Iki ýurduň kanunçykaryjylyk edaralarynyň arasynda gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi-de bellenildi.

***

Şu gün Mongoliýanyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daşary işler ministrliginde kabul edildi. Bu ýerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alşyldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter