“Ahal” AFK-2014 Kubogynyň finalçysyndan üstün çykdy | TDH
Sport

“Ahal” AFK-2014 Kubogynyň finalçysyndan üstün çykdy

опубликованно 18.03.2015 // 859 - просмотров
 

Aşgabat, 18-nji mart (TDH). “Ahal” toparynyň futbolçylary Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň toparlaýyn tapgyrynda şu gün Yragyň iň güýçli toparlarynyň biri “Erbilden” 2:1 hasabynda üstün çykdy.

Türkmenistanyň çempionatynda ikinji orna eýe bolan we ýurdumyzyň Kubogynyň eýesiniň bäsdeşleri Yragyň çempionatynda dört gezek ýeňiş gazanyp, AFK-nyň Kubogy ugrundaky ýaryşlara alty gezek gatnaşan, geçen ýyl bolsa onuň finalyna çykan hem-de oýundan soňky 11 metrlik urgularyň netijeleri boýunça Kuweýtiň “Al-Kadsiýa” toparyndan 2:4 hasabynda ýeňlen topardyr.

“Erbil” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky şu gezekki ýaryşlarda üstünlikli badalga aldy, myhmançylykda Täjigistanyň üç gezek çempiony we bu ýurduň Naýbaşy kubogynyň dört gezek eýesi “Istiklol” toparyny 3:1 hasabynda utdy. Soňra bu topar 0:1 hasabynda öz ýerinde Aziýanyň derejesi boýunça ikinji ýerde durýan kubogynyň häsirki eýesi “Al-Kadsiýa” toparyndan utuldy.

Aşgabatda geçirilen duşuşygyň ilkinji 10 minutynda myhmanlar yzygiderli hüjüm edip, hasaby açmaga hem mümkinçilikleri boldy. Diňe derwezeban Nikita Gorbunowyň ussatlygy muňa päsgel berdi.

Türkmen futbolçylary bäsdeşleriň hüjümlerini yzyna gaýtarmak bilen, oýny deňlemegi başardylar we duşuşygyň birinji ýarymynyň ortalarynda hüjüme geçip başladylar. Esasan-da “Ahal” toparynyň oýunçysy Rahmet Şermetowyň meýdançanyň çep tarapy boýunça hereket etmegi we Altymyrat Annadurdyýewiň merkezden bäsdeşleriň derwezesine aralaşmagy has-da howply ýagdaýlary döretdi. A.Annadurdyýewiň diňe duşuşygyň soňky 18 minutynyň dowamynda iki gezek derwezä pökgi geçirmäge mümkinçiligi boldy. Birinji gezekde myhmanlaryň derwezebany ýagdaýy halas etdi, ikinji pursatda bosla biziň hüjümçimiziň urgusy dürs bolmady. Şondan bir minut geçenden soň, A.Annadyrdyýewe hasaby açmak üçin ýene bir mümkinçilik döredi. Emma pökgi onuň urgusyndan soň az-kem derwezäniň ýokarsyndan geçdi.

Şeýle-de bolsa oýnuň 29-njy minutynda biziň futbolçylarymyza hasaby açmak başartdy. Meýdançanyň çep tarapyndan 11 metrlik belginiň töweregine pökgi berildi. Derwezeban pökgini jerime meýdançasynda duran Gurban Annaýewe tarap gaýtardy, biziň futbolçymyzyň urgusy dürs boldy. Şondan bir minut soň yrakly futbolçylar tiz garşylyklaýyn hüjüme geçdiler we Luaý Salahyň uran pökgisi derwezä girdi we hasap 1:1 ýagdaýda toparlar arakesmä çykdylar.

Oýnuň ikinji ýarymynda myhmanlar derwezäni goramaga aýratyn üns berdiler we oýun deňme-deň ýagdaýda geçdi. Diňe duşuşygyň 90-njy minutynda Gurban Annaýew ikinji gezek tapawutlanyp, hasaby 2:1 ýetirdi we biziň toparymyz ýeňiş gazandy.

Netijede “Ahal” “C” toparynda 3 utuk toplady. Şeýle hem “Erbil” we “Istiklol” toparlarynyň her biriniň 3 utugy bar. Emma “Istiklol” topary bir oýny az geçirdi. Üçünji tapgyrda Täjigistanyň üç gezek çempiony Kuweýtde 6 utuk bilen öňde barýan “Al-Kadsiýa” topary bilen duşuşar we eger-de täjik futbolçylary ýeňlişe sezewar bolsalar, bir wagtyň özünde üç toparyň deňeçer utuklary bolar.

“Ahal” topary AFK Kubogynyň “C” toparynda öňdeligi eýeleýän topary ýeňip, özüniň şu günki gazanan utuşy bilen ýaryşlara aýratyn çekeleşikli häsiýeti berdi. Jogap duşuşygy “Erbil” topary bilen 15-nji aprelde Kataryň paýtagty Doha şäherinde bitarap meýdanda geçiriler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter