“Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň eýesi bilen bir toparda | TDH
Sport

“Ahal” – AFK-nyň Kubogynyň eýesi bilen bir toparda

опубликованно 19.02.2015 // 810 - просмотров
 

AFK-nyň Kubogynyň häzirki eýesi “Al-Kadsiýa” (Kuweýt), şu ýaryşyň iki gezek finalçysy “Erbil” (Yrak) we Täjigistanyň üç gezek çempiony “Istiklol” toparlary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogynyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň Kubogynyň iki gezek eýesi we wise-çempiony “Ahalyň” bäsdeşleri bolarlar. Bu barada Çempionlar ilgasynyň we AFK-nyň Kubogy ugrunda geçirilen oýunlarynyň jemleri boýunça mälim boldy. Şondan soň ähmiýeti boýunça Aziýanyň birinji we ikinji toparlarynyň ýaryşlaryna gatnaşyjylaryň doly sanawy belli boldy.

2015-nji ýylyň AFK-nyň Kubogynyň toparlarýyn tapgyrynda “Ahal” topary öz ilkinji oýnuny “C” toparda 25-nji fewralda Kuweýtde “Al-Kadsiýa” topary bilen geçirer. Ikinji duşuşygyny bolsa 11-nji martda Aşgabatda “Istiklol” täjik topary bilen geçirer, 18-nji martda bolsa öz meýdanynda “Erbil” yrak toparyny kabul eder.

Toparlaýyn duşuşyklaryň ikinji aýlawyna “Ahal” 15-nji aprelde myhmançylykda “Erbiliň” garşysyna oýnamak bilen başlar, 29-njy aprelde bolsa öz meýdanynda “Al-Kadsiýa” bilen duşuşar we duşuşyklaryň toparlaýyn tapgyryny 13-nji maýda Duşenbede “Istiklol” bilen tamamlar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter