Resmi habar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habar

опубликованно 23.11.2018 // 1022 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Bitaraplyk ýörelgelerinden ugur alýan parahatçylyk söýüji daşary syýasatyna laýyklykda, halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmek we ulag ulgamyndaky köpugurly halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda alnyp barylýan işleri mundan beýläk hem dowam etdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine 2018-nji ýylyň 28-nji noýabrynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Halkara ulag maslahatyny ýokary derejede we guramaçylykly geçirmek tabşyryldy.

Degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna bu maslahata taýýarlyk görmekde hem-de ony ýokary derejede we guramaçylykly geçirmekde Türkmenistanyň ulaglar we aragatnaşyk toplumyna degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine ýardam etmek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter