Türkmenistan — ÝHHG: ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — ÝHHG: ynsanperwerlik ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

опубликованно 23.11.2018 // 827 - просмотров
 

Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda milli azlyklar we olaryň jemgyýetçilik durmuşyna goşulyşmagy bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi. Oňa ÝHHG-niň milli azlyklaryň işi baradaky Ýokary komissary Lamberto Zanniýer, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozd, ÝHHG-niň Ýokary komissarynyň geňeşçileri Bob Din, Andreý Hanžin we doktor Elžbeta Kuzborska, Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn syýasaty netijesinde, umumy ykrar edilen halkara kadalara we ülňülere laýyklykda raýatlaryň hem-de her bir adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilişiniň ähli ugurlarynyň döwletimiziň yzygiderli üns merkezinde saklanýandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça we Konstitusiýa hem-de degişli Kanuna laýyklykda, Türkmenistanda adam hukuklary baradaky doly ygtyýarly wekiliň — Adalatçynyň wezipesi döredildi. Adalatçy ýurdumyzda adam hukuklaryny üpjün etmek, bu ugurdaky halkara borçnamalary ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrylýan işler barada milli parlamentiň maslahatlarynda yzygiderli maglumat berýär.

Türkmenistanyň we ÝHHG-niň ählumumy abadançylygyň, durnukly ösüşiň maksatlaryna laýyk gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge hem-de giňeltmäge bolan üýtgewsiz gyzyklanmalary hakynda Daşary işler ministrliginde, Mejlisde we Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda ÝHHG-niň Ýokary komissary Lamberto Zanniýer bilen bolan duşuşyklarda aýratyn nygtaldy.

Şu ýylyň maý aýynda Aşgabatda ÝHHG-niň azlyklaryň jemgyýetçilik durmuşyna netijeli gatnaşmaklaryna, olaryň öz hukuklaryny peýdalanmagynyň ýörelgelerine hem-de serişdelerine bagyşlanan duşuşyk geçirildi.

Ynsanperwerlik ugry Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň möhüm ýörelgeleriniň biridir. Şonda adam jemgyýetimiziň we döwletimiziň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar edildi. Milli kanunçylyk we umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda ýurdumyzda ýaşaýan ähli adamlaryň kepillendirilen hukuklaryny, erkinliklerini we bähbitlerini goramak boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar.

Döwletimiziň parahatçylyk döredijilik kuwwatyny tutuş dünýäde abadançylygyň bähbidine durmuşa geçirmek bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine hil taýdan täze çemeleşmeleri peýdalanyp, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirýär we şunlukda, adamlaryň bähbidine kybap gelýän durmuş ulgamyna degişli meselelere aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki iri maslahatlaryň münberinden öňe süren we dünýä bileleşiginiň goldawyna, ykrarnamasyna eýe bolan başlangyçlary munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem Türkmenistanyň soňky ýyllaryň dowamynda sekiz müňden gowrak adamy raýatlyga kabul edendigi nygtaldy. Munuň özi azlyklaryň goşulyşmak meselesinde ÝHHG-niň ýörelgelerine doly kybap gelýär. Bu ynsanperwer çözgütler ýurdumyzyň türkmen halkyna mahsus bolan ynsanperwerlik we olaryň hoşniýetli erki bilen baglanyşykly wezipelere üýtgewsiz ygrarlydygynyň tassyklanmasydyr. Bu täze taryhy döwürde mynasyp dowam etdirilýär.

Gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalaryň dowamynda “tegelek stola” gatnaşyjylar duşuşygyň Türkmenistan bilen ÝHHG-niň bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ýardam berjekdigine ynam bildirdiler.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter