Küşt boýunça ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi | TDH
Sport

Küşt boýunça ýurdumyzyň ýaşlar ýygyndy topary Daşkentde geçirilen halkara ýaryşda üstünlikli çykyş etdi

опубликованно 24.11.2018 // 681 - просмотров
 

Türkmenistanyň ýygyndy topary 16-23-nji noýabr aralygynda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçirilen Günbatar Aziýa çempionatynda şowly çykyş etdi. Ýurtlaryň 11-sinden 300-e golaý ýaş küştçiler ýaşy 6-a, 8-e, 10-a, 12-ä, 14-e, 16-a, 18-e we 20-ä çenli ýaş toparlarynda baýrakly orun ugrunda bäsleşdiler. Ýaryş üç görnüşde: nusgawy, rapid we blis bäsleşikleri görnüşinde geçirildi.

Ildeşlerimiz medallaryň 5-sini: 1 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medal eýelediler. Ýaşy 16-a çenli ýetginjekler toparynda çykyş eden Aşgabat şäheriniň 50-nji mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Azat Nurmämmedow üç medala: adaty küştde altyn, rapidde- kümüş, blisde bürünç medala mynasyp boldy.

Milli sport we syýahatçylyk institutynyň 3-nji ýyl talyby Jemal Öwezdurdyýewa ulularyň —ýaşy 20-ä çenli türgenleriň arasynda nusgawy küştde bürünç medal eýeledi. Ýaşy 16-a çenli gyzlaryň arasynda Mary welaýatyndan mekdep okuwçysy Annagözel Mekanowa blisde bürünç baýraga mynasyp boldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter