Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasyebtli hokkeý ýaryşy | TDH
Sport

Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasyebtli hokkeý ýaryşy

опубликованно 10.02.2015 // 827 - просмотров
 

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda ýetip gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan hokkeý boýunça ýaryşlar başlandy. Oňa iki toparça 8 topar gatnaşýar.

“A” toparçasyna Içeri işler ministrliginiň “Galkan”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Goranmak minstrliginiň Harby institutynyň “Watançy” hem-de Türkmenistanyň ulag we aragatnaşyk toplumynyň “Alp Arslan” toparlary girýär. “B” toparçasynda bolsa Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar minstrliginiň “Şir”, IIM-niň institutynyň “Nesil”, Sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebiniň “Bürgüt” we Döwlet serhet gullugynyň “Merdana” toparlary çykyş edýär.

Toparlaryň dördüsi (her toparçadan iki topar) medallar ugrundaky bäsleşigi dowam eder. Ýaryşlar Içeri Işler ministrliginiň institutynyň we Gyşky oýunlar sport toplumynyň buzly meýdançalarynda geçirilýär.

Bäsleşikler Türkmenistanyň çempiony “Galkan” we “Watançy” toparlarynyň duşuşygy bilen açyldy. Oýun köplenç bir tarapyň artykmaçlygy bilen tamamlandy. Netijede, “Galkan” topary jogapsyz 9 hokkeý topuny geçirdi.

“Oguzhan” bilen “Alp Arslan” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşykda “Oguzhanyň” hüjümçisi dört gezek tapawutlanmagy başardy. Bu oýun 10:1 hasabynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň hokkeýçileriniň peýdasyna tamamlandy.

Dürli halkara ýaryşlarynyň ençeme gezek ýeňijisi bolan “Şir” topary “Bürgüt” toparyny 18:3 hasabynda ynamly utmagy başardy.

“Nesil” bilen “Merdana” toparlarynyň arasynda geçirilen duşuşyk örän çekeleşikli we ýokary netijeli boldy. Bu duşuşyk 22:2 hasabynda IIM-niň institutynyň peýdasyna tamamlandy.

11-nji fewralda ikinji tapgyryň oýunlary geçiriler. Garaşylyşy ýaly, esasy bäsleşik öňde baryjylar “Galkan” we “Oguzhan” toparlarynyň arasynda bolar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter