Daşoguz welaýaty şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy ýerine ýetirdi | TDH
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýaty şaly taýýarlamak boýunça tabşyrygy ýerine ýetirdi

опубликованно 27.11.2018 // 453 - просмотров
 

Daşoguz welaýatynyň ekarançylary şaly taýýarlamk boýunça ýyllyk tabşyryga abraý bilen hötde geldiler. Şaly ekilen sekiz müň bir ýüz gektar ýerden 35 müň 106 tonnadan agarak şalynyň tagamlylygy bilen tapawutlanýan “Nukus-2”, “Müňbaşy” we “Alenga” görnüşleri ýygnaldy. Bu bolsa bellenilendäkiden artykdyr. Hasylyň aglaba bölegi merjen däneleriň ýokary hasylly we kesellere durnukly ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşan görnüşlerini ýetişdirmekde uly tejribe toplanan S. Türkmenbaşy adyndaky etrabyň ýörüteleşdirilen hojalyklarynda ýetişdirildi.

Ýörüteleşdirilen tehnikalaryň, şol sanda ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň ulanylmagy ýetişdirilen hasyly öz wagtynda ýygnamaklyga ýardam etdi. Şu günler şu etrapda ýerleşýän kuwwatlylygy ýylda 30 müň tonna çenli şaly arassalamaga niýetlenen iri kärhanada täze hasyl gaýtadan işlenilip başlandy.

Şalyçylyk Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk ulgamynyň esasy pudaklarynyň biridir. Ozal hereket edýänlerini döwrebaplaşdyrmagyň we ýokary tehnologiýaly täze kärhanalary gurmagyň hasabyna sebitde bu azyklyk ekiniň ekişinden tä ony ýygmaklyga we saklamaklyga çenli önümçiligiň doly tapgyry döredildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter