Binagärlik we gurluşyk — durmuş-ykdysady strategiýanyň beýany | TDH
Jemgyýet

Binagärlik we gurluşyk — durmuş-ykdysady strategiýanyň beýany

опубликованно 29.11.2018 // 918 - просмотров
 

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň täze sanynyň daşky sahaby bu owadan neşiri eline alan okyjyny ilkinji pursatdan tomsuň jümmüşine alyp baryp, Hazar deňziniň güneşli kenaryny ýatladýar. Bu ýerde iýul aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda “Awaza” akwaparky açyldy. Eger täze dynç alyş merkeziniň düzüminde üsti ýapyk akwaparkyň bardygyny hem göz öňünde tutsaň, onda birnäçe aý mundan ozalky günleriň ýatlanylmagy türkmen dynç alyş künjegine öňümizdäki gyş möwsüminde hem gelmäge çakylyga öwrülýär.

Bu baradaky gürrüňe biz ýene-de dolanyp geleris, žurnalyň nobatdaky sany bolsa paýtagtymyzyň gurluşyklary baradaky makala bilen açylýar. “Eýýamyň binagärlik keşbi — Watanymyzyň rowaçlygynyň we abadançylygynyň nyşany” — Aşgabady durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde amala aşyrylýan we gurluşygy meýilleşdirilen taslamalar baradaky uly bolmadyk oçerk şeýle atlandyrylýar. Şol işleriň hatarynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 16-njy nobatdakysynyň tapgyryna degişli desgalar, döwrebap myhmanhana toplumlary, Halkara kongres merkeziniň binasy, Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi hem-de welosiped sportuna bagyşlanan bina, seýilgäh, mekdep we köp sanly beýlekiler bar.

Awazanyň täze desgalaryna bagyşlanan makalany fotosuratlar bezeýär. Suratlaryň üsti bilen ýurdumyzyň “Myradym” hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen akwapark barada aýdyň düşünje berilýär. Bu iri topluma suw attraksionlary bilen bir hatarda, dynç alýanlaryň hem-de dürli ýaşdaky syýahatçylaryň ýokary isleglerini kanagatlandyrmaga niýetlenen desgalar girýär. Bu ýerde gyşky we tomusky akwaparklar, söwda merkezi, harytlaryň giň görnüşleri satylýan onlarça dükanlar, supermarketler, 30-a golaý kafeler we restoranlar, 1640 orunlyk amfiteatr, myhmanhana hem-de emeli daglar, köller, şaglawuklar, dag çeşmeleri — umuman, başdan geçirmeleriň tutuş ulgamy ýerleşdirilipdir.

“Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň nazaryýet bölümine ýurdumyzy şähergurluşyk taýdan ösdürmek, onuň ilatly ýerleriniň maddy-giňişlik gurşawyny kemala getirmek babatda ýerleri meýilleşdirmegiň meseleleri girdi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäniň iň oňat tejribesine hem-de döwlet Baştutanymyzyň toplumlaýyn durmuş-ykdysady maksatnamalary bilen ýakyndan arabaglanyşykdaky milli wezipelere garalýar.

Žurnalyň taryha bagyşlanan bölüminde 1948-nji ýylyň Aşgabat ýertitremesi baradaky makalalar bilen birlikde, şol wakany başdan geçirenleriň ýatlamalary hem-de hünärmen-seýsmologlaryň teswirlemeleri ýerleşdirilipdir. Şol elhenç wakanyň täsirlerini öwrenmegiň barşynda alnan maglumatlar seýsmologiýa barlaglaryny ösdürmek hem-de seýsmiki taýdan durnukly gurluşyklaryň usullaryny işläp taýýarlamak üçin esas bolup hyzmat etdi. Häzir ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň seýsmiki taýdan durnuklylygyny üpjün etmek meseleleri bilen Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň düzümine girýän Seýsmiki ýagdaýa durnukly gurluşyk instituty meşgullanýar.

Žurnalyň “Ylym” diýen bölüminde bu gezek täsin inženerçilik - tehniki taslama bolan Aşgabatdaky zeý-şor suw akaba degişli makala hödürlenýär. Häzirki wagtda deňi-taýy bolmadyk bu desganyň gurluşygy ösen kommunikasiýa ulgamlary bolan şäherde örän çylşyrymly inženerçilik-gidrogeologiýa şertlerinde “Interbudmontaž” ukrain kompaniýasy tarapyndan amala aşyryldy. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň barşynda düýbünden täze birnäçe tehnologik we netijeli çözgütler işlenip taýýarlanyldy hem-de patentleşdirildi. Eger-de bu baradaky makalanyň özi degişli hünärmenler üçin gyzyklanma döredýän bolsa, onda okyjylaryň giň köpçüliginiň ünsüni desga degişli bolan fotosuratlar çekýär. Şol suratlar boýunça taslamanyň gerimine hem-de tehnologik derejesine göz ýetirmek bolýar.

Žurnalyň şu sanynda Türkmenistanyň ýol-ulag düzüminiň ösüşi, ýol örtükleriniň berkligini ýokarlandyrmak we hyzmat edişiniň möhletini artdyrmak babatda alymlarymyzyň işläp taýýarlamalary barada syn berilýän makalalar ýerleşdirildi.

Žurnalyň sahypalarynda Moldowa Respublikasynyň Gagauz awtonom oblastynyň Wulkaneşst raýonynyň Çişmikioý şäherçesinde çagalar bagynyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo şäherçesinde mekdebiň gurluşygy barada makala çap edildi. Milli Liderimiz tarapyndan başy başlanan bu taslamalary Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan ýurdumyzyň hususy kärhanalary amala aşyrdylar.

Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan çykarylýan žurnal diňe bir hünärmenlere däl, eýsem sungat we durmuş ulgamy hökmünde binagärlik bilen gyzyklanýanlaryň ählisine niýetlenendir. Şeýle-de bolsa, onuň mazmunyny jemleýän esasy toplum hünär derejeli inženerçilik-tehniki we ylmy habarlary, şähergurluşyk ulgamynda dünýä ösüşiniň ýagdaýlaryna seljermeleri hem-de onuň işgärler bilen üpjünçiligini özünde jemleýär. Türkmenistan bu ugurdaky ýagdaýlardan çetde durmaýar, şol ýagdaýlaryň biri pudagy sanly ulgama geçirmekden hem-de ýokary tehnologiýalar esasynda onuň bilim binýadyny döwrebaplaşdyrmakdan ybaratdyr.

Häzirkizaman binagärliginde milli binagärlik däpleriniň neneňsi saklanýandygy we dowam edýändigi, türkmen halkynyň medeni mirasynyň näderejede beýan edilýändigi barada paýtagtymyzyň “Parahat — 7” ýaşaýyş toplumynda gurlan täze “Hezreti Omar” metjidi hakynda makalada gürrüň berilýär. Žurnalyň bu sanyny “Türkmengurluşyk — 2018” halkara serginiň netijeleri boýunça syn berilýän makala jemleýär. Bu sergä ýurdumyzyň 130-dan gowrak we dünýäniň 14 ýurdundan daşary ýurt kompaniýalary gatnaşdylar.

Žurnalyň mazmunynda hünärmenleriň pikirleriniň we baha bermeleriniň, ylmy-populýar çemeleşmesiniň, suratlaryň, çyzgylaryň, şekilleriň çeper beýan edilişiniň şeýle utgaşmasy “Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi” žurnalynyň işgärler toparyna hil taýdan düşünjäňi artdyrýan önümi döretmäge mümkinçilik berýär. Ýöriteleşdirilen neşir pudaga degişli düýpli maglumatlaryň gymmatly çeşmesi, ýurdumyzyň bazarlarynda hünär ugurly kompanýalaryň işleriniň öňe ilerlemegi üçin gural, çözgütleri kabul etmekde buýrujylar üçin ygtybarly kömekçi hem-de taslama we inženerçilik pikirleriniň öňe sürülýän meýdançasy bolup hyzmat edýär. Umuman bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady strategiýasynyň esasy ugurlaryny beýan edýär. Şol strategiýa halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini we hilini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy gülledip ösdürmäge hem-de onuň halkara abraýynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter