Türgenler Olimpiada — 2016-a taýýarlanýarlar | TDH
Sport

Türgenler Olimpiada — 2016-a taýýarlanýarlar

опубликованно 18.01.2015 // 1320 - просмотров
 

Ahal welaýatynyň Yzgant obasynyň sport mekdebinde grek-rim göreşi boýunça erkekleriň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi, oňa nusgawy göreş boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan hem Aşgabat şäherinden türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýardam bermeginde geçirilýän bu ýaryşlaryň esasy maksady milli ýygyndy toparyň düzümine giriziljek iň güýçli türgenleri ýüze çykarmakdyr. Olar 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiada ýollanmalary almak ugrundaky halkara saýlama bäsleşiklerine gatnaşarlar. Şeýle hem ol türgenler dünýä we Aziýa çempionatlaryna gatnaşmak üçin saýlama ýaryşlarda güýç synanyşmaga mümkinçilik alarlar, ol çempionatlar degişlilikde sentýabr aýynda Las-Wegasda (ABŞ) we awgustda Kataryň paýtagty Dohada geçiriler. Häzirki geçirilýän milli ýaryşlar şol jogapkärli halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmegiň möhüm tapgyrlarynyň biridir.

Umumytoparlaýyn hasapda 1-nji orna aşgabatly türgenler mynasyp boldular. Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Rozy Rejepowyň, Aýmämmet Oraşewiň we Aman Geldiýewiň tälim berýän pälwanlary mümkin bolan sekiz ýeňişden dört ýeňşi gazanmagy başardylar. Arslan Oraşew (66 kilograma çenli agram derejesinde), Amanaly Ataýew (80 kilograma çenli agram derejesinde), Maýyl Bahlulow (98 kilograma çenli agram derejesinde) we Arslan Saparmämmedow (130 kilograma çenli agram derejesinde) birinji orunlary eýelediler.

Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýagşymyrat Kürräýewiň tälim berýän Mary welaýatynyň topary umumy hasapda ikinji orny eýeledi. Olar 3 gezek ýeňiş gazandylar. Sapa Jumaýew (59 kilograma çenli agram derejesinde), Abdyresul Hummyýew (71 kilograma çenli agram derejesinde) we Döwran Ýarimow (85 kilograma çenli agram derejesinde) ýeňiji boldular.

75 kilograma çenli agram derejede çykyş eden Şermet Permanowyň ýeňiş gazanmagy netijesinde Lebap welaýatynyň topary üçünji orny eýelemegi başardy. Amin Muhtarowyň tälim berýän bu türgeni öz agram derejesinde diňe bir ýurdumyzda däl-de, eýsem halkara derejesinde hem iň güýçlüleriň biridir.

Geçen ýyl Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçirilen dünýä birinjiliginde ol ýedinji orny, Koreýa Respublikasynyň Inçhon şäherinde geçirilen Aziýa oýunlarynda bolsa bürünç medala mynasyp boldy. Ş.Permanow şeýle ajaýyp üstünlikleri gazanmak bilen 2014-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň iň güýçli türgenleriniň onlugynyň sanawyna goşuldy, şeýle hem ol indiki ýyl geçiriljek olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukukyna eýe bolmak ugrunda bäsleşmäge mümkinçilik aldy.

Şu gezekki ýurdumyzyň çempionatynyň geçirilýän ýeri bolan Yzgant obasynyň sport mekdebiniň Ahal welaýatynyň iň häzirki zaman sport toplumlarynyň biridigini bellemelidiris. Bu ýerde milli derejedäki, şeýle hem welaýat derejelerinde sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar guralýar. Häzirki wagtda bu sport-bilim edarasynda guşakly göreşiň birnäçe ugurlary, şol sanda türkmen göreşi, adaty karate, futbol, woleýbol boýunça bölümler hereket edýär, sportuň bu görnüşleri ýerli ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýedir.

Geljekde bu sport mekdebinde suwda ýüzmek we welosiped sporty boýunça hem bölümleri açmak göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter