Täze ýylda medallary gazanmagyň başy başlandy | TDH
Sport

Täze ýylda medallary gazanmagyň başy başlandy

опубликованно 11.01.2015 // 753 - просмотров
 

Aziýa çempionatynda medallaryň sekizisi we halkara ýaryşynda bir bürünç medal 2015-nji ýylda halkara sport ýaryşlarynda türkmen türgenleriniň ilkinji baýraklary boldy. Aziýanyň çempionaty Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçirilip, onda biziň watandaşlarymyz üç kümüş we bäş bürünç medal gazandylar. Onuň öň ýanynda bolsa türgenlerimiz Kataryň 2-nji halkara kubogy ugrundaky ýaryşyň bürünç baýragynyň eýeleri boldular. Jemi –dokuz medal.

Aziýa çempionatyna 20-den gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200 töweregi gatnaşdy. Türkmenistana üç türgen wekilçilik etdi we olaryň ählisi Watanymyza medallar bilen dolanyp geldiler.

Biziň ýygyndymyzda ýetginjek ýaşlar toparynda /17-20 ýaş/ 94 ktlograma çenli agram derejesinde çykyş eden Muhammetnur Jannyýew has ýokary netijeleri görkezdi. Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby hormat münberiniň ikinji basgançagyna üç gezek çykdy. M.Jannyýew ştangany birden galdyrmakda 140 kilogram, itip galdyrmakda 165 kilogram we iki görnüşiň jemi boýunça 305 kilogram agramy galdyrmagy başaryp, agyr atletikanyň hemme görnüşlerinde tapawutlandy.

Bürünç medallaryň ýene-de üçüsini kiçi ýaş toparynda /17 ýaşa çenli/ 94 kilogramdan ýokary agram derejeçinde çykyş eden Nurmuhammet Toýçyýew gazandy. Onuň netijeleri: birden götermekde –106 kilogram, itip galdyrmakda 137 kilogram we iki görnüşiň jeminde 243 kilogram 16 ýaşly türgeniň üstünligi goşa şatlykdyr, çünki ol halkara derejesindäki sport ýaryşynda ilkinji gezek çykyş etdi.

Biziň ýurdumyza ýetginjek ýaşlar toparynda 77 kilograma çenli agram derejesinde wekilçilik eden Muhammet Döwranow 2 bürünç medal gazandy—itip götermekde oňa 166 kilogram agramy galdyrmak başartdy we iki görnüşiň jeminde ol 302 kg. toplady. Özi-de ildeşlerimiz geçen ýylyň Aziýa çempionatynyň hytaýly ýeňijisinden hem-de 2014-nji ýylda geçirilen ikinji Bütindünýä ýetginjekler olimpiýa oýunlarynyň gazagystanly baýrak eýesinden öňe geçmegi başardy. Bu bolsa türkmen agyr atletikaçysynyň uly sport mümkinçiligine şaýatlyk edýär.

Indi ýaş türgenlerimize milli ýygyndymyzyň baş tälimçisi Gurbandurdy Amanowyň ýolbaşçylygynda beýleki uly halkara ýaryşlaryna taýýarlyk görmek garaşýar. Aprel aýynda Lima /Peru/ şäherinde ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça dünýä çempionaty, iýunda bolsa Polşanyň paýtagty Warşawada ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatynyň medallary ugrunda ýaryşlar geçiriler.

... Kataryň Halkara Kubogy ugrundaky ýaryşa geçen ýylyň netijeleri boýunça dünýä çempionatlarynda we beýleki ýaryşlarda dürli derejedäki
medallara eýe bolan dünýäniň iň güýçli agyr atletikaçylarynyň 100-den gowragy gatnaşdy. Häzirki ýaryşlarda iň gowudan-gowularyň hatarynda ýurdumyza tomsuna Kazanda /Russiýa Federasiýasy/ ýaşlaryň arasynda geçirilen Ýer ýüzüniň birinjiligi ugrundaky ýaryşlarda bürünç baýragynyň eýesi bolan Daýanç Aşyrow wekilçilik etdi.

Bu gezek hem Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby 77 kilogram agram derejesinde iki görnüşiň netijesinde bürünç baýragy eýeläp, öz üstünligini gaýtalady. Onuň häzirki netijesi, ýagny 314 kilogram dünýä çempionatynda görkezen netijesinden 3 kiogram geçýär. Bu bolsa agyr atletikaçylarymyzyň ussatlygynyň yzygiderli ýokarlanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu ýyl D.Aşyrow üçin ýaşlar toparyndan ulular toparyna geçmegi bilen häsiýetlenýär. Indi ol milli ýygyndy toparynyň düzüminde iýul aýynda Nepalyň paýtagty Katmandu şäherinde geçiriljek Aziýa çempionatyna taýýarlyk görer.

Ýöne şu ýylyň esasy ýaryşlary noýabrda Hýustonda /ABŞ/ geçiriler. Şol ýerde agyr atletika boýunça seçip alyş dünýä çempionaty bolup geçer. Şonda 2016-njy ýylda Braziliýada geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin ýollanma eýe bolmak ugrunda bäsleşiler. Türkmen türgenleri Ýer ýüzüniň esesy ýaryşlaryna gatnaşmaga hukuk berýän ýollanmalaryň 4-si ugrunda bäsleşerler.

Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen 2014-nji ýylyň Aziýa oýunlarynda biziň agyr atletikaçylarymyzyň üstünlikli çykyşy bu maksada ýetiljekdigine ynam döredýär. Şonda biziň ýygyndymyz umumytoparlaýyn hasapda toplan utuklarynyň jemleri boýunça ikinji orna eýe boldy. Şeýle hem 2015-nji ýylyň şowly başlamagy türkmen türgenleriniň üstünlik gazanjakdygyna ynam atdyrýar, çünki biziň ştangaçylarymyz täze ýylyň ilkinji günlerinde Watanymyza ilkinji dokuz medaly getirdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter