Belent sütünli döwlet Baýdaklary – Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşany | TDH
Jemgyýet

Belent sütünli döwlet Baýdaklary – Watanymyzyň gülläp ösüşiniň nyşany

опубликованно 22.06.2015 // 997 - просмотров
 

Mary, 22-nji iýun (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde Döwlet baýdagynyň sütüniniň açylyş dabarasy aýdyň öwüşginli baýramçylyga öwrüldi.

Bu şanly waka aýratyn ähmiýete eýedir. Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilen 2015-nji ýylda türkki dünýäsiniň medeni merkezi Mary şäheriniň merkezinde Türkmenistanyň belent sütünli Döwlet baýdagynyň bina edilmegi türkmen halkynyň mukaddesliklerine – milletimiziň agzybirligini, mertebesini we Watanymyzyň buýsanjyny, onuň taryhyny we şu günki gününi alamatlandyrýan milli Tuguna ägirt uly sarpanyň nobatdaky subutnamasydyr.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän oňyn daşary syýasat ugry, ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmaga gönükdirilen başlangyçlar netijesinde Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji merkez hökmünde halkara abraýy barha artýar. Biziň ýurdumyzyň ynsanperwer, parahatçylyk söýüjülik syýasatynyň alamaty hökmünde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde busançly pasyrdaýar.

Biziň bitarap döwletimiz mukaddes Garaşsyzlyk Baýdagynyň saýasynda özüniň täze taryhyny döredýär. Abadançylygyň we ösüşiň ýolunda täze belent sepgitleri eýeleýär, dünýäde kuwwatly hem parahat ýurt hökmünde ata-babalarymyzyň belent taglymlaryny baýdak edinip, ruhy-ahlak ýörelgelere üýtgewsiz eýerýär.

Ýaş nesli belent ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, şöhratly geçmişimize, ajaýyp häzirki durmuşymyza hem-de türkmen halkynyň beýik geljegine ynamy pugtalandyrmakda milli Tugumyzyň ähmiýeti örän uludyr. Häzirki günde garaşsyz Watanymyzyň Baýdagy abadan ýurdumyzyň, her bir öýüň, köpsanly täze binalaryň üstünde garaşsyz Türkmenistanyň döredijilik kuwwatynyň nyşany hökmünde buýsançly pasyrdaýar. Baýdagymyz biziň alpinistlerimiziň boýun egdiren dag belentliklerinde pasyrdaýar, ol älem giňişliklerine çykaryldy. Öz Watanyny zehinleri, dürli pudaklarda gazanan üstünlikleri bilen şöhratlandyrýan türkmenistanlylaryň sarpasyna Ýer ýüzüniň dürli yklymlarynda pasyrdaýar.

Dabara ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň, welaýt we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, talyp ýaşlar, Mary şäheriniň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdylar.

Türkmenistana Döwlet senasynyň owazy astynda biziň mukaddes Baýdagymyz örän beýik täze sütüniň 100 metrlik depesine galdyryldy. Ýygnananlar bu belent dabaraly pursaty şowhunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Baýdak sütüniniň etegine ajaýyp gül dessesi goýulýar. Dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül desselerini goýýarlar.

Baýdak sütüni Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şunuň ýaly belent sütünleri ýurdumyzyň Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynda bina edilmegini göz öňünde tutýan degişli kararyna laýyklykda ýurdumyzyň gurluşyk kompaniýasy tarapyndan döredildi.

Ol Mary şäheriniň merkezi meýdançalarynyň birinde, Murgap derýasynyň kenarynda dikilip, Ruhyýet köşgi, Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň binasy, welaýat kitaphanasynyň binalar toplumy, Gurbanguly hajy metjidiniň belent binasy bilen sazlaşyp, şäheriň keşbine bezeg berýär.

Depesinde milli Tugumyz pasyrdaýan Mary şäherindäki täze baýdak sütüni uzak aralyklardan seleňläp görünýär we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy pasyrdaýan beýleki beýik binalar bilen utgaşyp gidýär. Mälim bolşy ýaly, iň beýik baýdak sütüni 133 metre deň bolup, ol Watanymyzyň paýtagty ak mermerli Aşgabatda bina edildi we 2010-njy ýylda Ginnesiň rekordlar Kitabyna girizildi.

Belent baýdak sütünlerini gurmak –aýratyn inžener-tehniki wezipe bolup durýar. Mary şäherinde bina edilen baýdak sütüniniň taslamasy işlenip taýýarlanylanda, köp ýagdaýlar, şol sanda tebigy ýeliň we seýsmiki täsirler göz öňünde tutulyp, şeýle iri möçberli gurnamanyň berkligini üpjün edýän enjamlar oturdyldy. Onuň depesinde dikilen Baýdagyň agramy ýüzlerçe kilograma ýetýär.

Ýygnananlaryň belleýşi ýaly, Sena, Tugra, Baýdak ýaly milli mukaddesliklerimizde döwletimiziň güýji we kuwwaty, milletimiziň mertebesi we sarpasy, türkmenleriň şöhratly ata-babalarynyň garaşsyz hem abadan Watan baradaky arzuwlary agzybir we jebis halkymyzyň bagtyýar durmuşy jemlenendir.

Dabara gatnaşyjylar welaýat merkezinde täze belent baýdak sütüniniň bina edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny aýdyp, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür we halkymyzyň hem-de Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter