“Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi | TDH
Sport

“Galkan” topary — hokkeý boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogynyň eýesi

опубликованно 11.12.2018 // 663 - просмотров
 

Şu gün Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanyp geçirilen hokkeý boýunça ýaryşlar tamamlandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň finalynda “Galkan” we “Watançy” toparlary duşuşdylar.

Ýaryşlara ýurdumyzyň ministrliklerine we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna wekilçilik edýän toparlaryň jemi altysy gatnaşdy.

Ilkinji tapgyrda olar her birinde üç topar bolan iki toparça bölündiler, olarda ýarym finalçylar kesgitlenildi. “A” toparçada birinji duşuşykda “Şir” toparyndan 5:3 hasabynda üstün çykan “Nesil” topary ýeňiji boldy. Soňky duşuşyklarda toparlaryň ikisi hem “Bürgüt” toparyny ynamly ýeňip, ýarym finala çykdylar.

“B” toparçada ýurdumyzyň birnäçe gezek çempiony “Galkan” toparyna taý tapylmady, ol “Oguzhan” toparyndan (12:1) we “Watançy” toparyndan (13:6) ynamly üstün çykdy. Bu toparlaryň özara duşuşygynyň jemleri boýunça “Watançy” 5:1 hasabynda ýeňip, ýarym finala çykdy.

Ýarym final bäsleşiklerinde, garaşylyşy ýaly, “Galkan” “Şiri” (13:1) ynamly ýeňdi. “Watançy” “A” toparçada öňe saýlanan hem-de üçünji orun ugrundaky bäsleşikde “Şir” toparyny 10:1 hasabynda ynamly ýeňip, bürünç medala eýe bolan “Nesil” toparyny 12:3 hasabynda utdy.

Esasy baýrak ugrundaky final ýaryş bäsleşikleriň iň ýokary derejesini alamatlandyrdy. “Galkan” ilkinji pursatlardan öňe saýlanyp, 8:1 hasabynda arakesmä çykdy. Emma “Watançynyň” hokkeýçileri ikinji döwürde güýçlerini jemläp, bäsdeşleriniň derwezesine 3 hokkeý topuny geçirdiler, üçünji döwürde bolsa utuklaryň tapawudyny ikä çenli gysgaltdylar.

Şeýle-de bolsa, 9:6 hasabynda ýeňiş “Galkana” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny getirdi.

“Galkanyň” hokkeýçisi Döwlet Söýünow has köp utuk toplap, ýaryşlaryň iň gowy oýunçysy diýlip, yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter