Bilermenleriň dermanlyk serişdeleri patentleşdirmek boýunça halkara maslahaty | TDH
Jemgyýet

Bilermenleriň dermanlyk serişdeleri patentleşdirmek boýunça halkara maslahaty

опубликованно 16.06.2015 // 970 - просмотров
 

Aşgabat, 16-njy iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň ukabul edilmeginiň 20 ýyllygyna bagyşlanan derman serişdelerini goramagyň köp ugurly hukuk we amalyýeti boýunça iki günlük sebitleýin okuw maslahaty öz işine başlady. Ony Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Intellektual eýeçiligiň bütin dünýä guramasy we Ýewraziýa patent guramasy bilelikde gurady. Duşuşyga Russiýa Federasiýasyndan, Belorussiýa Respublikasyndan, Ukrainadan, Şweýsariýadan, Gazagystan Respublikasyndan, Azurbaýjan Respublikas yndan, Ermenistan Respublikasyndan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistan Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan wekiller gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda derman serişdelerini goramak, dermanlyk serişdelere bolan elýeterliligi üpjün etmek biotehnologiýa we derman senagatynda patentleri ulanmak bilen baglanyşykly çykyşlar boldy.

Okuw maslahatyna gatnaşan türkmen hünärmenleri bu ulgamda ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary barada gürrüň berdiler. Bellenilişi ýaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda netijeli intellektual eýeçilik ulgamy döredildi. Bu ulgamda alnyp barylýan işler Türkmenistanyň gol çeken milli kanunçylyk namalaryna we halkara şertnamalaryna laýyklykda ýola goýulýar. Ol senagat nusgalaryny taýýarlamaga degişli patentleri, şeýle hem söwda nyşanlaryna we hyzmatlara bolan şahadatnamalary bermegiň esasynda senagat eýeçiligindäki desgalaryň hukuk taýdan goraglylygyny üpjün edýär.

Biziň ýurdumyz Intellektual eýeçiligiň Bütindünýä ulgamyna 20 ýyl bäri agza bolmak bilen, Ýewraziýa patent konwensiýasyna goşulan ilkinji döwlet bolup durýar. Şunlukda Türkmenistan bitewi patentiň esasynda goragyň täze döwletara ulgamynyň döredilmeginiň başyny başlady. Häzirki döwürde Türkmenistan bu Konwensiýanyň, şeýle hem senagat eýeçildigini goramak boýunça Pariž Konwensiýasynyň, Patent Kooperasiýasy hakyndaky Şertnamanyň, söwda nyşanlarynyň halkara hasaba alnyşy hakyndaky ylalaşygyň Madrid teswirnamasynyň, Halkara patent klassifikasiýasy hakyndaky Strasburg ylalaşygynyň, senagat nusgalarynyň Halkara klassifikasiýasyny esaslandyrmak hakyndaky Lokarn ylalaşygynyň, nyşanlary hasaba almak üçin harytlaryň we hyzmatlaryň Halkara klassifikasiýasy hakyndaky Nissk ylalaşygynyň, nyşanlaryň şekillendiriş görnüşleriniň Halkara klassifikasiýasyny döretmek hakyndaky Wena Ylalaşygynyň doly hukukly gatnaşyjysy bolup durýar. Mundan başga-da, türkmen döwletiniň Edara ediş Geňeşinde, şeýle hem Ýewraziýa patent ynanylany hökmünde hasaba alnan milli ynanylan patentliginde öz wekilleri bar.

Soňky ýyllarda bu pudakda halkara hyzmatldaşylygy babatda ägirt uly işler edildi. Bu bolsa ýurdumyza senagat eýeçiligi pudagyndaky dünýä ulgamyna üstünliklili goşulmagyna mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi Intellektual eýeçiligiň döwlet gullugynyň Milli patent guramasy bolup durýar. Ýurdumyhzyň patent ulgamy halkara ülňülerine doly laýyk gelmek bilen, diňe bir bazar gatnaşyklarynyň mündan beýläk-de ýola goýulmagyna we çuňlaşdyrylmagyna mynasyp goşant goşman, eýsem ýurdumyzda ylmy-tehniki ösüşiň öňe gitmegine ýardam berýär.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar köp ýyllaryň dowamynda saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we onda döwlet syýasatynyň ylmy ugurlaryny işläp taýýarlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen taýýarlanylan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Mälim bolşy ýaly, milletiň saglygyny we onuň genofondyny berkitmek, adamlaryň ömrüniň uzaklygyny artdyrmak, saglygy goraýyş ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak bu maksatnamada kesgitlenen esasy wezipeler bolup durýar.

Şunlukda, ýerli çig mallaryň ulanylmagynyň esasynda saglygy goraýyş we durman senagatynyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda ýokary netijesi bolan dermanlyk serişdeleriň, şeýle hem lukmançylyk ähmiýeti bolan beýleki önümleriň önümçiligi babatdaky senagat toplumlarynyň gerimi yzygiderli giňeldilýär. Fitoterapiýa boýunça köp sanly maglumatlar milli Liderimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly düýpli ylmy işinde öz beýanyny tapdy. Ylmy-kliniki we barlag merkezlerinde, iri lukmançylyk we ugurdaş edaralarda, derman kärhanalarynda, şeýle hem lukmançylyk ýokary okuw mekdebiniň ylmy bölümlerinde ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynyň ägirt uly mümkinçilikleri äşgär edilýär. Häzirki döwürde dermanlyk serişdeleriň 200-den gowragy taýýarlanylýar. Olar hili, howpsuzlygy we netijeliligi boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Ýurdumyzyň derman senagatynda dermanlyk içgiler, toşaplar we ýerli dermanlyk ösümlikleriň toplumlary esasy orun eýeleýär.

Dermanlyk otlaryň, tebigy minerallaryň, bejerijilik ähmiýeti bolan palçyklaryň we deňiz suwlarynyň barlagy olaryň bejerijilik häsiýetini ýüze çykarýar. Munuň özi ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamynda dermanlyk serişdeleriň we önümleriniň sanawuny giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny äşgär edýär. Şunuň bilen baglylykda, dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygy, şeýle hem derman senagatynda intellektual eýeçiligiň goraglylygy döwrüň möhüm meselesi bolup durýar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň arasynda geçirilen pikir alyşmalaryň barşynda dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygynyň we olara bolan elýeterliligiň üpjün edilmeginiň möhümdigi barada aýdyldy. Dünýä patent ulgamynyň çäklerinde saglygy goraýyş we bazarlary zerur bolan dermanlyk serişdeler bilen üpjün etmek ulgamyndaky milli syýasatyň kadalaşdyrylmagyna mümkinçilik berýän netijeli gurallaryň ähmiýeti barada aýtmak bilen, okuw maslahatynda çykyş edenler bu mesele boýunça meşgullanýan düzümleriň arasynda gatnaşyklaryň artdyrylmagynyň zerurdygy barada aýtdylar we bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň mümkin bolan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Forum ertir öz işini dowam eder. Sebitleýin okuw maslahatynyň çäklerinde duşuşyklary geçirmek meýilleşdirildi. Dermanlyk serişdeleriň patent goraglylygy bilen baglanyşykly hukuk meseleleri duşuşyklaryň baş mowzugyna öwrüler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter