Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi | TDH
Jemgyýet

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň mejlisi

опубликованно 16.06.2015 // 846 - просмотров
 

Aşgabat, 16-nji iýun (TDH). Şu gün Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň Geňeş agzalarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi.

Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, milli synçylar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Mejlisiň barşynda welaýat, Aşgabat şäher saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk hakyndaky maglumatlary diňlenildi. Etraplaryň we şäherleriň çäklerinde Geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň 6041-si, Ahal welaýatynda 973-si, Balkan welaýatynda 413-si, Daşoguz welaýatynda 1416-sy, Lebap welaýatynda 1449-sy we Mary welaýatynda 1790-sy döredildi. Häzirki güne çenli okruglaryň çäklerinde 1828 saýlaw uçastoklary döredildi. Mejlisiň çykyp giden deputatlaryň ýerine geçirilýän saýlawlar boýunça saýlaw uçastoklarynyň 33-si döredildi.

Milli saýlaw kanunçylygyna, Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň kararyna laýyklykda
2015-nji ýylyň 17-nji iýunyndan başlap, Geňeş agzalygyna, Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” we 8-nji “Dostluk” saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna daşalgärleri hödürlemek başlanýar. Etraplardaky şäherleriň we şäherçeleriň geňeşlikleriniň çäklerinde halk häkimiýet wekilçilikli edarasy bolan Geňeşleriň umumy sany 634-dir. Dalaşgärleri bellige almak işleri şu ýylyň 27-nji iýunyndan başlap 22-nji iýuly aralygynda geçiriler.

Bellige almak işleri tamamlanandan soň, wagyz-nesihat çärelerine badalga berler. Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, saýlaw toparlaryna degişli ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna kärhanalaryň ýolbaşçylaryna ýygnaklary geçirmek we dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklaryny guramak wezipesi ýüklenilýär. Ähli dalaşgärlere deň derejedäki hukuklar we ýerlerde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli ösüş maksatnamasyny, ilkinji nobatda bolsa "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini düýpli özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly öz tekliplerini öňe sürmek üçin mümkinçilikler berler.

Öz gezeginde saýlawçylara dalaşgärler bilen syýasy, işewür we şahsy häsiýetdäki meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem ýygnaklarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde dalaşgärleri goldap ýa-da garşy çykyş etmäge deň derejedäki mümkinçilik berilýär. Munuň özi saýlawçylara her bir dalaşgär bilen tanşyp, onuň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamasyna baha berip, mynasyp gören dalaşgärine halk ynamynyň mandatyny bermek üçin şert döredýär.

Mejlisiň barşynda welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylary bu jemgyýetçilik-syýasy çäräni guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýalyk işleri, şeýle hem saýlaw toparlarynyň agzalary üçin geçirilen okuw maslahatlarynyň jemleri barada çykyş etdiler. Bellenilişi ýaly, okuw maslahatlary oňa gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygynda ýüze çykan üýtgetmeler, özleriniň wezipe borçlary we geljekki saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Mundan başga-da milli synçylar hasaba almak işi amala aşyryldy. Olar ähli saýlaw okruglary boýunça saýlawlaryň geçirilişine syn ederler. Tutuş ýurdumyz boýunça häzirki döwre çenli synçylaryň 1888-si hasaba alyndy.

Mejlisiň çäklerinde Demokratik partiýanyň, Senagatçylar we telekeçiler, Agrar partiýalarynyň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Zenanlar birleşiginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleriniň öz dalaşgärlerini hödürlemek boýunça alyp barýan taýýarlyk işleri barada çykyşlary diňlenildi.

Mejlisiň ahyrynda bu ýere ýygnananlar saýlawlaryň ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän özgertmeler syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan demokratik ýagdaýlaryň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdiler.

Bu saýlaw Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda guraldy. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we häzirki döwürde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, bu syýasy çäräniň esasy ugurlary öz beýanyny tapdy. Şeýle hem bu çärede türkmen halkynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yzygiderli durmuşa geçirilýän täze taryhy eýýamyň özgertmeler syýasatynyň esasyny düzýän gadymy demokratik ýörelgeleri has-da äşgär duýulýar. Mälim bolşy ýaly, häzirkizaman türkmen jemgyýetinde halk häkmiýet ýörelgelerini berkitmek, döwlet gurluşyna giň halk köpçüligini çekmek, raýatlaryň mähriban Watanyň ykbalyna bolan jogapkärçiligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişelik üns merkezinde durýar.

Merkezi saýlaw toparynyň mejlisiniň barşynda başga-da birnäçe guramaçylyk meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter