Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 20.12.2018 // 988 - просмотров
 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Çary Geldiýewiç Nyýazow Türkmenistanyň Halkara sergiler býurosynyň ýanyndaky wekili wezipesinden boşadyldy.

***

Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlaryny öwrenmek, bu babatda okuw we ylmy-tejribe öwreniş işlerini ulgamlaýyn esasda alyp barmak, şunuň bilen baglylykda, halkara guramalar bilen özara utgaşykly işleri has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi açyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň gurluşy tassyklanyldy.

***

“Diplomatik gulluk hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda we Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşyny has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Daşary işler ministrliginiň merkezi edarasynyň gurluşy tassyklanyldy.

Daşary işler ministrligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter