Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 22.12.2018 // 634 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan we Birleşen Arap Emirliklerinden gelen işewürler ýokary dykyzlykdaky polietilene we polipropilene isleg bildirdiler.

Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden, BAE-den, Singapurdan gelen telekeçiler daşary ýurt puluna reňksiz aýnany, pagta süýümini, nah ýüplügini, tekiz boýalan hem-de žakkard we tüýjümek dokma önümlerini satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 187 müň dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine Russiýadan, Beýik Britaniýadan, Kanadadan gelen işewürler jemi bahasy 2 million 557 müň manatlykdan gowrak nah mata hem-de nah ýüplügi satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 40 million 340 müň manatlykdan gowrak polipropilen plýonkasyny, polietileni, pagta süýümini we pagta lintini satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter