Türkmen edebiýatynyň dünýä meşhur nusgawy şahyrlarynyň hatyrasyna | TDH
Jemgyýet

Türkmen edebiýatynyň dünýä meşhur nusgawy şahyrlarynyň hatyrasyna

опубликованно 15.05.2015 // 2005 - просмотров
 

Aşgabat, 15-nji maý (TDH). Şu gün, ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly senäniň - Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekiliýeti türkmen halkynyň ajaýyp ogullary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň müdimilik aram tapan ýerine zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň paýtagtyndan Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna ugrady.

Ildeşlerimiziň baýramçylyk günleriniň öňüsyrasynda her ýyl däp bolan zyýarata ugramagynyň çuňňur manysy bardyr, çünki Konstitusiýanyň we we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi bellemek özbaşdak, azat we gülläp ösýän döwlet baradaky arzuwlaryň hasyl bolmagynyň aýdyň nyşanydyr. Ajaýyp türkmen şahyrlary we akyldarlary bu arzuwlary öz eserlerinde ruhubelentlik bilen wasp edipdir. Bu gün, birnäçe asyr geçenden soň hem Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň eserleri bütin dünýäde millionlarça adamyň kalbyny heýjana getirýär. Bu eserelerde umumy adamzat ruhy-ahlak gymmatlyklar, mähriban topragymyza çäksiz söýgi duýgusy, halkymyza wepalylyk, onuň döredijilik güýjüne we belent maksatlaryna bolan ynam aýdyň beýanyny tapdy. Magtymguly Pyragynyň arzuwlary we pikirleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Türkmenistanda amala aşyrylýan beýik özgertmeler bilen sazlaşýar.

Wekiliýetiň düzüminde medeniýet we sungat işgärleri, alymlar, ýokary we orta okuw mekdepleriniň, mugallymlary, jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular bar. Olar türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň hormatyna geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşarlar. Bu beýik akyldar şahyrlaryň döredijiligi we pelsepewi mirasy diňe bir milli däl, eýsem, bütin dünýäniň ruhy genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.

Türkmen wekiliýetiniň goňşy ýurduň Gülüstan welaýatyna bu sapary asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan umumy taryhy köklere esaslanýan hoşniýetli goňşuçylykly türkmen-eýran gatnaşyklarynyň nobatdaky aýdyň subutnamasdyr. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhanynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde häzirki wagtda bu gatnaşyklar hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Bu hyzmatdaşlyk bolsa dostluk we oňyn häsiýete eýedir.

Mälim bolşy ýaly, beýik türkmen şahyrynyň we akyldarynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli 2014-nji ýyl Magtymguly Pyragynyň ýyly diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde we onuň çäklerinden daşarda şahyryň bahasyna ýetip bolmajak edebi mirasyny we pelsepewi garaýyşlaryny, onuň eserleriniň milli we dünýä edebiýatyny baýlaşdyrmaga eden täsirini ylmy taýdan öwrenmek boýunça çäreleriň toplumyny özüne birleşdiren köpsanly dabaralar geçirildi. Olaryň hatarynda halkara ylmy maslahatlar we şygryýet agşamlary, sahna oýunlary we kinofilmleriň görkezilişi, onuň eserleriniň neşir edilmegi hem-de Magtymgulynyň dünýäniň dürli dillerinde neşir edilen kitaplarynyň tanyşdyrylyşy ýaly çäreler bar. Türkmen nusgawy şahyrynyň oňat bezelen täze neşirleri ýurdumyzyň kitaphanalarynyň gaznalarynyň üstüni ýetirip, okyjylaryň köpüsi üçin ene dilimiziň gözellik we çuň manyly dünýäsini açdy.

Ýol ugrunda baýdaklar, güller we baýramçylyk bannerleri bilen bezelen Balkan welaýatynyň Serdar şäherinde wekiliýetiň agzalary dabaraly ýagdaýda duz-çörek, sungat ussatlarynyň çykyşlary bilen garşylandy. Bu ýerde Magtymgulynyň goşgulary labyzly okaldy we beýik şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy. Olarda halkymyzyň uly sarpa goýýan şahyrynyň ajaýyp zehini, inçe duýgulary we mährem kalby aýratyn sazlaşyk döretdi.

Ertir zyýaratçylar beýik türkmen akyldarlarynyň Eýranyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasyndaky müdimilik aram tapan ýerine baryp görmek çäresine gatnaşarlar. Milli däp-dessurlara görä, şol ýerde aýat-doga okalar. Zyýaratçylar türkmen halkynyň beýik ogullarynyň ýagty ýadygärligini hatyralap, Magtymgulynyň ata mekany bolan Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň Gerkez obasynda hem-de gülläp ösýän eziz Watanymyzyň paýtagtynda geçiriljek esasy baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin Türkmenistana gaýdyp gelerler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter