Daşary ýurtly syýasatçylar türkmen liderine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler | TDH
Syýasat habarlary

Daşary ýurtly syýasatçylar türkmen liderine Täze ýyl gutlaglaryny iberýärler

опубликованно 02.01.2019 // 710 - просмотров
 

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze ýyl baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Geçen ýyl Russiýany we Türkmenistany birleşdirýän strategik hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösmegine beslendi. Söwda-ykdysady we maýa goýum gatnaşyklary berkidildi. Sebitara hyzmatdaşlyk, işewürlik we jemgyýetçilik toparlarynyň gatnaşyklary giňeldi.

Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyny giňeltmek, dürli ugurlarda täze taslamalary ilerletmek boýunça bilelikdäki işleriň dowam etdiriljekdigine ynanýarys. Munuň özi iki ýurduň uzak möhletleýin bähbitlerine doly kybap gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt we üstünlik, Türkmenistanyň raýatlaryna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Dmitriý MEDWEDEW,
Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA
Hormatly jenap Prezident!

Täze, 2019-njy ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Goý, Täze ýyl Size bellenen meýilnamalary ýerine ýetirmekde güýç-kuwwat bersin we geljege bolan ynamyňyzy has-da pugtalandyrsyn hem-de hemişe üstünlik ýaranyňyz bolsun!

Size parahatçylyk, hoşniýetlilik, bagt, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Walentina MATWIÝENKO,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň
Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn.

Li ÇŽANŞU,
Hytaý Halk Respublikasynyň halk wekilleriniň
Ählihytaý Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn.

Li KESÝAN,
Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Size Täze ýylda bagtyýarlygy we ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Hanym Jasinda ARDERN,
Täze Zelandiýanyň Premýer-ministri.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter