Täze ýyl dabaralary Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýarlygyny artdyrýar | TDH
Jemgyýet

Täze ýyl dabaralary Watanymyzyň ýaş nesilleriniň bagtyýarlygyny artdyrýar

опубликованно 02.01.2019 // 867 - просмотров
 

Şu gün Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň açylmagyna bagyşlanan dabaraly çäre boldy. Dabara tamamlanandan soňra, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň mekdep okuwçylary Gökderedäki çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezlerine ugradylar. Şu ýyl 7 müňden gowrak okuwçyny kabul etjek Gökderedäki sagaldyş merkezleriniň 14-sinden başga-da, ýurdumyzyň welaýatlarynda hereket edýän sagaldyş merkezleriniň 5-si körpeleriň 1500-sini kabul eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän dabaraly çäre çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşdyrylýar. Şu ýyl hem köşgüň öňündäki meýdançada dürli şarlar hem-de yşyklandyryjylar bilen bezelen arça ertekilerdäkä meňzeş keşbi emele getirdi.

Çagalar Aýazbaba we Garpamyk hem-de körpeleriň söýgüli ertekileriniň gahrymanlary arçanyň daşynda aýdym aýtdylar hem-de tans etdiler. “Şatlyk” we “Gyzyl güljagaz” tans toparlary hem-de ýaş estradaçylar joşgunly aýdym-sazly çykyşlary bilen Çagalar we ýetginjekler köşgünde guralan dabara özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Şeýle şatlykly we dabaraly ýagdaýda mekdep okuwçylary gyşky dynç alyş möwsümini geçirmek maksady bilen, döwrebap derejede bezelen awtobuslara mündüler.

Türkmenistanyň ajaýyp künjekleriniň biri bolan Gökdere jülgesi dynç alyş üçin amatly ýerleriň biri hasaplanylýar. Köpetdagyň saýaly baglar bilen bürenen jülgeleri, gar basan gerişleri, säher dumany bilen ertekilerdäkä çalymdaş görnüşleri döredýär. Tomus paslynda bu ýerdäki köp sanly çeşme-çaýlar guşlaryň saýraýan sesleri bilen utgaşýar. Gyş paslynda bolsa bu jülge şadyýan çagalaryň gelmegine garaşýan mysaly ümsümlige beslenýär.

Gyşky dynç alyş möwsüminde çagalar üçin bu ýerde gyzykly çäreler guralar. Olar ajaýyp künjekde gezelençde bolarlar we muzeýlere, paýtagtymyzyň ajaýyp künjeklerine syýahat ederler.

Mundan başga-da, mekdep okuwçylary çagalar merkezlerindäki sport toplumlarynda bedenterbiýe çärelerine gatnaşarlar. Merkezlerde hereket edýän gurnaklarda bolsa ukyp-başarnyklaryny görkezerler hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň körpelere sargyt edişi ýaly, daşary ýurt dillerini öwrenerler we kompýuter sowatlylygyny artdyrarlar.

Gökderäniň konsert meýdançalarynda we zallarynda körpe artistleriň, ýaşajyk ýerine ýetirijileriň hem-de ýurdumyzyň döredijilik we teatr toparlarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda medeni-köpçülikleýin çäreler yzygiderli guralar.

***

Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynda giň möçberli baýramçylyk çäresi geçirildi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň guran çäresiniň maksatnamasy şatlykly wakalara baý boldy. Bu ýerde ýurdumyzyň estrada ýerine ýetirijileri, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdylar.

Myhmanhananyň göwnejaý derejede bezelen zalynda bagtyýar çagalaryň gülküsi belentden ýaňlandy. Olar guralýan çärelere uly joşgun bilen gatnaşdylar. Bezegli arçanyň töwereginde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminiň başlanýandygyny alamatlandyryp, Täze ýyl baýramyna mahsus dabaralar bilen utgaşdy.

Dürli bezeg serişdeleri we köpöwüşginli yşyklandyryjylary bilen göwün göteriji Täze ýyl arçasy dabara gatnaşýanlaryň özboluşly lybaslary, Aýazbaba we Garpamyk — bularyň ählisi Täze ýyly garşylamagyň nyşanlarydyr.

Ösüp barýan ýaş nesiller hakyndaky alada, olaryň ylymly-bilimli bolup ýetişmegi hem-de döredijilik ukyplaryny açyp görkezmegi üçin zerur şertleriň döredilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde bagtyýar çagalaryň sazlaşykly ösüşi üçin zerur mümkinçilikler döredilýär, döwrebap mekdepler, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralary, sport meýdançalary, stadionlar, medeni we dynç alyş merkezleri guruldy hem-de gurluşygy dowam edýär. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň abadançylyk derejesini äşgär edýär.

Hazaryň kenaryndaky we Aşgabadyň etegindäki Gökdere jülgesindäki sagaldyş merkezleri, Janly tebigatyň milli muzeýi körpeler üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. Özüniň binagärlik gurluşy we enjamlaşdyrylyşy babatda özboluşly bina hasaplanýan “Älem” medeni-dynç alyş merkezi häzirki döwürde çagalaryň hem-de ulularyň iň gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi. Hut şu ýerde iň belent, ýurdumyzyň Baş arçasy oturdyldy.

Şu gün guralan dabaranyň maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni, ýurdumyzyň ýeten derejesini we bagtyýar çagalygy wasp edýän ajaýyp eserler girizildi. Hemmeleriň söýgüli baýramy bolan Täze ýyl baýramy Aýazbaba hem-de Garpamyk bilen duşuşmaga uly höwes edýän körpelere aýratyn şatlyk eçilýär. Baýramçylygyň esasy gahrymanlarynyň gelmegi bilen ajaýyp pursatlar başlanýar. Bu bolsa çagalar üçin ýakymly wakadyr. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ýurdumyzda körpeleriň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin iň gowy şertler döredildi. Söýgüli ertekileriň gahrymanlary, gündogar senenamasy boýunça 2019-njy ýylyň nyşanlary bilen duşuşmak konserte gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy.

Bu ýerde guralan aýdym-sazly dabaranyň dowamynda gyzykly oýunlar, özboluşly bäsleşikler geçirildi. Sirk artistleriniň we belli tans toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Dabara gatnaşýan çagalar berilýän sowallara uly höwes bilen jogap berip, dürli ugurlar, şol sanda ýurdumyzyň döwlet nyşanlary, milli gymmatlyklary, sungat eserleri boýunça bilimlerini we ukyplaryny aýan etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň agtyklary Kerimguly Berdimuhamedowyň, Ysmaýyl Amanowyň, şeýle hem ýaş aýdymçy Döwran Şammyýewiň aýdan aýdymlary dabaranyň has tolgundyryjy pursady boldy. “Güneş” toparynyň häzirki zaman saz äheňleri astynda ýerine ýetirilen bu aýdym iňlis dilinde ýaňlanyp, dabara gatnaşýan körpelere baýramçylyk şatlygyny, ýatdan çykmajak täsirleri eçildi.

Bularyň ählisi “Türkmenistan — rowaçlygyň Watany” şygary astynda geçjek 2019-njy ýylyň ilkinji günleriniň uly ruhubelentlige beslenýändiginiň subutnamasyna öwrüldi. Bagtly çagalygyň ýurdunda ýaşaýan körpe nesiller döwrebap derejede bilim alyp, sazlaşykly ösýärler we döredilýän mümkinçilik hem-de yzygiderli alada üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşan körpelere döwlet Baştutanymyzyň adyndan Täze ýyl sowgatlary gowşuryldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter