Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrini gutlady

опубликованно 16.01.2019 // 730 - просмотров
 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Nikol Paşinýana Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri wezipesine bellenilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Milli Liderimiz öz gutlagynda dostlukly ýurtlarymyzyň arasynda emele gelen hyzmatdaşlygyň hem-de özara düşünişmegiň ýokary derejesiniň halklarymyzyň bähbidine ikitaraplaýyn türkmen-ermeni gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de yzygiderli ösdürilmegi we pugtalandyrylmagy üçin berk esas bolup hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Şu mümkinçiliklerden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministrine berk jan saglyk, parahatçylygyň, dostlukly ermeni halkynyň abadançylygynyň we bagtyýarlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikler arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter