Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan - BMG: ilat gaznasy ulgamyndaky hyzmatdaşlyk

опубликованно 16.01.2019 // 591 - просмотров
 

Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde ýurdumyzyň birnäçe döwlet edaralary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat gaznasynyň (ÝUNFPA) arasynda birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Bu ýerde geçirilen çärä Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň we ÝUNFPA-nyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Dabarada bellenilişi ýaly, häzir 2016 — 2020-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNFPA-nyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça ýurdumyz bilen BMG-niň Ilat gaznasy Ýurt boýunça dördünji Hereketler maksatnamasyny amala aşyrýar hem-de bu maksatnama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yglan eden döwletimiziň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna doly laýyk gelýär.

Türkmenistanyň Hökümeti we ÝUNFPA bilen bilelikde maliýeleşdirilýän bu maksatnama ilatyň ösüşi we olaryň durnukly ösüş bilen baglanyşykly anyk maglumatlaryň seljermelerini utgaşdyrmak arkaly özara gatnaşyklarda ozal gazanylan netijelere esaslanýar.

Işlenip taýýarlanylan iş meýilnamalary bäş ýyllyk möhlet bilen maliýeleşdirilýän ýurt boýunça maksatnamany ýerine ýetirmegiň möhüm bölegine öwrüler we 2019-njy ýyl üçin işleriň hem-de çäreleriň esasy ugurlaryny kesgitlär.

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri ýurdumyzyň raýatlarynyň bähbitleriniň goraglylygyna, olaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokratik özgertmeleriň üýtgewsiz amala aşyrylmagydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2016 — 2020-nji ýyllarda adam hukuklary boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny» hem-de «2015 — 2020-nji ýyllarda gender deňeçerligi boýunça hereketleriň milli meýilnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ýurdumyz BMG-niň kabul eden halkara-hukuk resminamalary esasynda adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek boýunça hereketleriň milli hem-de sebit maksatnamalaryny we meýilnamalaryny durmuşa geçirmek ugrunda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen özara gatnaşyklaryny işjeňleşdirýär diýip, resminamalara gol çekmek dabarasynda çykyş edenler bellediler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynda maşgala we enelige goldaw bermek meselelerine möhüm üns berilýär: göwrelilik döwründe we çagalara ideg etmek boýunça kömek pullary berilýär. Şeýle hem çaga doglandan soňky döwür üçin goşmaça dynç alyş möhleti kesgitlenýär. Munuň özi çaganyň ilkinji günlerinden başlap, sagdyn ösüşini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan “Enelik döwrüniň howpsuzlygy” maksatnamasy sagdyn göwreliligi, çagalaryň sagdyn dünýä inmegini üpjün etmek, çaga dogrulýan öýlerde bar bolan şertleri gowulandyrmak ýaly ugurlary öz içine alýar. Eneler göwrelilik döwründe we çagalaryň 2 ýaşa çenli döwründe ganazlyga garşy göreşmek hem-de onuň öňüni almak boýunça maksatnamanyň çäklerinde amala aşyrylýan çäreler bilen gurşalýar.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň hem-de ÝUNFPA-nyň arasynda «Reproduktiw saglygy ulgamynda birikdirilip berilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak» we «Durnukly milli ösüş üçin dezagregirlenen maglumatlar» taslamalarynyň iş meýilnamalaryna; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNFPA-nyň arasynda «Reproduktiw saglyk baradaky bilimleriň ýaşlar üçin elýeterli bolmagyny gowulandyrmak» taslamasyna gol çekmek dabarasy boldy. Şeýle hem duşuşykda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen ÝUNFPA-nyň arasynda «Milli strategiýany we durnukly ösüş meýilnamalaryny işläp taýýarlamak üçin ilat gaznasy hakyndaky maglumatlary ulanmak» taslamasyna gol çekildi.

Mundan başga-da, dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen ÝUNFPA-nyň arasynda erkek adamlaryň reproduktiw saglyk gullugyny berkitmek boýunça maliýeleşdirmek hakyndaky şertnama gol çekildi.

Taraplaryň belleýişleri ýaly, bu resminamalara gol çekilmegi ýurdumyzyň BMG-niň Ilat gaznasy bilen bu ugurdaky däp bolan netijeli gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder. Bu gatnaşyklar netijeli häsiýete eýe bolup, hil taýdan täze derejä çykdy.

Bu gezekki dabara Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleri bilen ýurdumyzyň oňyn hyzmatdaşlyk edýändigini tassyklady, olaryň işjeň hyzmatdaşlygynda maksatnamalaryň we taslamalaryň onlarçasy üstünlikli amala aşyryldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistan BMG-niň örän möhüm konwensiýalarynyň birnäçesine goşulyp, öz üstüne alan borçnamalaryna üýtgewsiz ygrarly bolup durýar, Ýer ýüzünde parahatçylygy, durnuklylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmek boýunça ählumumy tagallalary birleşdirmek işlerine işjeň gatnaşýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter