Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

опубликованно 16.01.2019 // 778 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary Kunio Mikuriýany kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän guramasynyň Türkmenistan bilen tutuş dünýäde abadançylygyň bähbitlerine kybap gelýän netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň halkara guramalary bilen dürli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ygrarlydygyny tassyklap, Türkmenistanyň umumy dünýä ösüşine oňyn täsiri bolan köpugurly gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň tarapdarydygyny belledi.

Guramanyň ýolbaşçysy dünýä bileleşiginiň milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere uly üns bilen syn edýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, Bütindünýä gümrük guramasy Türkmenistanyň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyny, Merkezi Aziýanyň goňşy ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini hemmetaraplaýyn goldaýar.

Duşuşygyň dowamynda gümrük ulgamyny öz içine alýan netijeli gatnaşyklaryň ähli ugurlarynyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Häzirki zaman düzümleýin desgalara eýe bolan ýurdumyz sebit we halkara derejede söwda hem-de ulag-logistiki ulgamlarynyň möhüm bölegine öwrülýär. Şunuň bilen baglylykda, gümrük maksatnamalary boýunça bilelikdäki maslahatlaryň geçirilmegi, tejribe alşylmagy, awtomatlaşdyrylan gümrük ulgamynyň özleşdirilmegi we ornaşdyrylmagy bilen baglanyşykly meseleleriň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Türkmenistan Bütindünýä gümrük guramasynyň serhet ýakalarynda amala aşyrylýan gözegçiligi guramak we kämilleşdirmek boýunça tejribelerini öwrenmäge we özleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýär. Häzirki döwürde ýurdumyzda Gümrük gullugyny meýilnamalaýyn döwrebaplaşdyrmak işleri alnyp barylýar. Munuň özi ulag-üstaşyr geçelgeleriniň kuwwatynyň artmagyny, bar bolan ähli ulag-logistika düzümiň mümkinçilikleriniň durmuşa geçirilmegini we şolaryň täze ykdysady derejä çykarylmagyny şertlendirýär.

«Demirgazyk — Günorta», «Gündogar — Günbatar» ugurlaryny baglanyşdyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan halkara söwda we ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulmagynda hem-de ösdürilmeginde möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Owganystan —Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe («Lapis Lazuli») halkara ulag geçelgesini döretmek hakynda kabul edilen ylalaşygyň ähmiýeti bellenildi. Bu geçelge Merkezi we Günorta Aziýa, Hazar we Gara deňiz, şeýle hem Ortaýer deňzi sebitlerini öz içine almak bilen geoykdysady giňişlikdäki hyzmatdaşlygyň berkidilmegini şertlendirer. Döwlet gümrük gullugynyň kanunçylyk we maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli kämilleşdirilýär.

Milli Liderimiz hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň baş sekretary birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň täze ugrunyň kemala getirilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryň möhümdigini we zerurdygyny bellediler. Munuň özi sebit hem-de ählumumy möçberde parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamakda wajyp ähmiýetli umumy maksatlaryň hem-de wezipeleriň çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmäge täzeçil çemeleşmeleriň işlenip taýýarlanylmagynda möhümdir. Neşeleriň bikanun dolanyşygyna we serhetüsti jenaýatçylyga garşy göreşmekde gümrük çäkleriniň goragynyň wajypdygy bellenildi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Bütindünýä gümrük guramasynyň ýolbaşçysy Kunio Mikuriýa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasy şerti bolan hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de netijeli ösdürmäge bolan ikitaraplaýyn taýýarlygy beýan etdiler.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter