Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

опубликованно 16.01.2019 // 822 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanylýan maksatnamalar, şeýle hem «Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» taslamasyny işläp taýýarlamak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek, hususan-da, ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meselelere ünsi çekip, bu ugurda degişli maksatnamalary taýýarlamagyň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz her bir ulgamyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine gönükdirilen çäreleriň toplumyny rejelemek, şolary ýörite maksatnamada jemlemek boýunça ýerine ýetirilmeli işleriň wajypdygyny belläp, bu ugurda amala aşyrylýan işlere ylmy esasda çemeleşilmelidigini aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Myradowa söz berdi. Wise-premýer häzirki döwürde gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň ykdysady, maliýe we bank ulgamlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamanyň taslamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, pudaklary şol bir wagtyň özünde milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmegiň halkara we sebit ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak arkaly durnukly ösüş depginlerini saklamagyň esasy wezipeleriň biridigini belledi. Munuň özi bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçilýän döwürde, ykdysady bähbitleri artdyrmak meselelerinde aýratyn ähmiýetlidir.

Döwlet Baştutanymyz döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmagy dowam etmegiň, telekeçilik işi üçin amatly şertleri döretmegiň bu maksatnamanyň esasyny düzmelidigini belläp, wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi hem-de taslamanyň üstünde işlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer P.Agamyradowa ýüzlenip, kesgitlenilen wezipeleriň üstünlikli çözülmeginde ylmy-tehniki işläp taýýarlamalara möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ähli pudaklaryň ösüşi häzirki zaman ylmynyň maglumatlary esasynda amala aşyrylmalydyr. Munuň üçin bolsa alymlar bilen bilelikde, iň soňky ylmy işläp taýýarlamalaryň, täzelikleriň, inžener-tehniki açyşlaryň önümçilige ornaşdyrylmagy boýunça işleriň geçirilmegi zerurdyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmek, daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi giňeltmek hem-de ýurdumyzda öndürilýän eksport ugurly önümçiligi ösdürmek boýunça maksatnamany durmuşa geçirmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň söwda toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin ýörite maksatnamasy işlenip taýýarlananda, garamagyndaky düzümleriň işlerinde bu ugurlara aýratyn ähmiýet berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, telekeçiligiň daşyndan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilik ulgamynda hem-de ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, bäsdeşlige ukyply önümçilikleri ösdürmekde barha ýokarlanýan ornuny belläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan maýa goýum taslamalaryna yzygiderli goldaw bermegiň hem-de içerki bazary ýokary hilli oba hojalyk önümleri bilen üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanylan maksatnamanyň daşary söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmeginde aýratyn ähmiýetlidigini belläp, bu ulgamda bar bolan mümkinçilikleri, halkara hyzmatdaşlygynyň ykdysady taýdan bähbitli ugurlaryny ýene bir gezek içgin seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz türkmen işewürliginiň bazar syýasatynda seljerme işleriniň güýçlendirilmeginiň, ýurdumyzyň harytlarynyň dünýä bazarlarynda ýerlenilmegini işjeňleşdirmegiň zerurdygyny nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew ýurdumyzyň gurluşyk we energetika pudaklaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu resminama ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň geljegi uly ugurlary, häzirki wagtda amala aşyrylýan Türkmenistanyň elektrik energetikasyny 2020-nji ýyla çenli ösdürmegiň konsepsiýasy, şeýle hem döwlet Baştutanymyz tarapyndan tutuş halk hojalyk toplumy üçin kesgitlenilen ilkinji nobatdaky wezipeler hasaba alnyp taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp hem-de beýan edilen teklipler bilen tanşyp, birnäçe bellikleri aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, paýtagtymyzda we welaýatlarda alnyp barylýan senagat hem-de durmuş maksatly köp sanly desgalaryň giň gerimli gurluşygy, ýurdumyzyň obalarynda we şäherlerinde häzirki zaman düzümlerini döretmek boýunça maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi, ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak — bularyň ählisi maýa goýum-gurluşyk toplumynyň we elektroenergetika pudagynyň kuwwatlyklarynyň yzygiderli artdyrylmagyny talap edýär.

Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, önümçilik we ylmy-tehniki mümkinçiliklerini artdyrmak, ýerli çig mal serişdelerinden daşary ýurtlarda taýýarlanylan önümlerden pes bolmadyk gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini giňeltmek, hojalygy ýöretmegiň, şol sanda hususy işewürligiň gatnaşmagynda onuň netijeli görnüşlerini ornaşdyrmak bu ulgamda durmuşa geçirilýän möhüm wezipeleriň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, döwrebap energetika ulgamynyň döredilmegi milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň okgunly ösüşiniň ýene bir möhüm şertleriniň biridir, pudagyň döwrebaplaşdyrylmagynda ýurdumyz iň gowy dünýä tejribesini özleşdirmegi, ylmyň häzirki zaman gazananlaryny hem-de iň täze tehnologiýalaryny ornaşdyrmagy ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyz durmuş-ykdysady ösüş maksatnamasyny döwrüň talabyna laýyklykda, sanly ykdysadyýetiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmek esasynda taýýarlamagyň zerurdygyny belläp, wise-premýere pudaklaýyn Maksatnamanyň bu taslamasyny gaýtadan işlemegi tabşyrdy.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, bellenilen wezipeleri çözmekde bu resminamanyň ylmy tarapyna üns berilmelidir, täzeçil usullar peýdalanylmalydyr hem-de häzirki zaman ylmy işläp taýýarlamalar üstünlikli ornaşdyrylmalydyr. Gurluşyk, energetika we beýleki pudaklar üçin, şäher hojalygyny netijeli dolandyrmak boýunça işleri guramakda ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşmeler örän möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz dürli maksatly desgalary, täze elektrik geçiriji ulgamlary, şäher gurşawyny ösdürmek meselelerini öz içine alýan maksatnamanyň taýýarlanylmagyna örän jogapkärli hem-de içgin çemeleşmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň obasenagat toplumyny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, maksatnamada bellenilen wezipeleriň içgin seljerilmelidigini, ylmyň gazananlarynyň, öňdebaryjy serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň geljekde hem giňden ornaşdyrylmagyna esasy üns berilmelidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ugurdaş düzümler bilen ýakyndan bilelikde işleşmegi ýola goýmak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Maksatnamada ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek hem-de suw diplomatiýasy ulgamynda Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny ilerletmek boýunça çärelere aýratyn orun berilmelidir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýakyn wagtda beýleki wise-premýerler bilen hem şunuň ýaly duşuşyklar geçiriler. Ara alnyp maslahatlaşylan meseleleriň netijelerine Ministrler Kabinetiniň 2018-nji ýylyň jemlerine bagyşlanyp geçiriljek giňişleýin mejlisinde garalar.

Hormatly Prezidentimiz aýdylanlary jemläp, halk hojalygynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň maksatnamalary taýýarlanylanda, döwletimiziň ylym-bilim mümkinçilikleriniň has netijeli peýdalanylmagynyň zerurdygyna ýene-de bir gezek ünsi çekdi.

Ykdysadyýeti ösdürmek üçin ähli pudaklaryň sanlaşdyrylmagynyň üpjün edilmegi, önümçilikde ylmy gazanylanlary hem-de iň täze tehnologiýalary ulanmak möhümdir diýip, hormatly Prezidentimiz wise-premýerlere häzirki zaman meýillerine hem-de halkara ölçeglerine laýyklykda, bu ugurda geçirilýän işleri kämilleşdirmek boýunça tabşyryklary berdi.

«Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» anyk netijelere gönükdirilmelidir, ol taýýarlanylanda, täzeçil pikirlere eýermek zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty jemläp, oňa gatnaşyjylara berkarar Watanymyzyň geljekde hem gülläp ösmeginiň, mähriban halkymyzyň bagtyýarlygynyň we abadançylygynyň bähbidine öňde goýlan wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter