Türkmenistanyň Prezidenti wideokonferensiýa geçirdi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidenti wideokonferensiýa geçirdi

опубликованно 17.01.2019 // 950 - просмотров
 

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideokonferensiýa geçirdi, onda ýurdumyzyň welaýatlaryny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny işläp taýýarlamak bilen bagly meselelere seredildi.

Milli Liderimiz göni aragatnaşykda geçirilýän wideokonferensiýa Ahal welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewi, Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjowy, Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewi, Lebap welaýatynyň häkimi T.Atahallyýewi, Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýewi bir wagtda çagyryp, olaryň ünsüni öňde duran işleriň ileri tutulýan ugurlaryna çekdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakyn geljek üçin her bir welaýaty durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny taýýarlamagy esasy wezipeleriň hatarynda kesgitläp, şolarda döwrebap önümçilik we durmuş düzümini kemala getirmek, oba hojalyk pudagyny kämilleşdirmek boýunça çäreleriň göz öňünde tutulmalydygyny aýtdy. Degişli resminamalar her welaýatyň önümçilik, çig mal, toprak-howa we beýleki aýratynlyklaryny nazara alýan ylmy-barlaglaryň esasynda taýýarlanylmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Obasenagat pudagyny özgertmegi dowam etmek öňde duran işleriň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, ekerançylygyň milli däplerini hem-de öňdebaryjy dünýä tejribesini utgaşdyrmagyň esasynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň netijeliligini artdyrmak boýunça toplumlaýyn çäreleri kabul etmegi meýilleşdirmek möhümdir diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Tehnologik ösüşleriň döwründe ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmagyň ylmy taýdan esaslandyrylan usullaryny ulanmak aýratyn möhüm wezipe bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygyna düýbünden täze çemeleşmeleri ornaşdyrmagyň geljekde uzak möhletleýin ykdysady ähmiýetiniň boljakdygyny aýtdy. Bu, ilkinji nobatda, obasenagat toplumyna degişlidir.

Şeýle hem bereketli hasyl almak, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, ekerançylyk meýdanlaryny suwuň zerur bolan möçberi bilen üpjün etmek üçin alymlaryň synagdan geçiren ähli mümkinçilikleriniň ulanylmagyny göz öňünde tutulmalydyr. Oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň, seçgiçiligi we tohumçylygy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan, ýerli toprak-howa şertlerini göz öňünde tutýan usullaryň ulanylmagyna üns bermek möhümdir.

Öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin hususy telekeçileri obasenagat toplumyna çekmek möhümdir, olaryň ýokary netijeli işlemegi azyk bolçulygyny üpjün etmäge, ýurdumyzyň eksport kuwwatyny artdyrmaga, beýleki tarapdan bolsa, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz bu babatda häkimlere birnäçe görkezmeleri berdi.

Welaýatlarda täze maldarçylyk we guşçulyk toplumlaryny, ýyladyşhana hojalyklaryny, dürli görnüşdäki ýokary hilli önümleri öndürýän obasenagat kärhanalaryny gurmaga uly möçberdäki maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljekde şol ugurlary ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleri meýilleşdirmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň senagatyny hem-de oba hojalyk toplumyny ösdürmegiň esasy wezipeleriniň çözülmegi durmuş ugurly meseleler bilen baglydyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň sebitlerinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryň, bilim, saglygy goraýyş we medeni edaralaryň, sport toplumlaryň we beýleki desgalaryň zerur bolan möçberiniň gurulmagyny göz öňünde tutmaly diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Welaýatlary ösdürmegiň maksatnamalarynyň taslamalarynda ilaty, aýratyn-da, ýaşlary iş bilen üpjün etmek boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz wideokonferensiýany dowam edip, welaýatlary ösdürmek üçin köp işleriň edilendigini, olara daşary ýurt hem-de içerki maýalaryň gönükdirilendigini, halkara we sebit ähmiýetli taslamalaryň durmuşa geçirilýändigini belledi.

Şolaryň hatarynda geçen ýyl ulanylmaga berlen «Garabogazkarbamid» zawody, şeýle hem Gyýanly şäherçesindäki sebitde iri polietilen we polipropilen öndürýän toplum, gurluşygy tamamlanan Ahal welaýatynyň Owadandepe şäherçesindäki tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawod bar, bu ýerde häzirki wagtda işler synag ýagdaýynda geçirilýär.

Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz türkmen hem-de daşary ýurt kompaniýalaryny çekmek bilen, täze senagat desgalaryny gurmagyň mümkinçilikleri hakynda meseläni öwrenmegi tabşyrdy.

Balkan welaýatyny mundan beýläk-de ösdürmek babatda türkmen miraplarynyň buýsanjy — «Altyn asyr» Türkmen kölüniň mümkinçiliklerini peýdalanmak meselelerine uly üns bermeli. Hususan-da, milli Liderimiz maksatnamada emeli kölüň töwereginde daýhan birleşiklerini döretmek babatda çäreleri göz öňünde tutmagyň möhümdigini belledi.

Syýahatçylyk bu sebit üçin geljegi uly ugurdyr. Şunuň bilen baglylykda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny has-da giňeltmäge aýratyn üns bermeli.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ulag düzümini ösdürmek, şeýle hem ýurdumyzyň welaýatlaryny birleşdirýän awtomobil ýollarynyň ýagdaýyna gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy has-da ösdürmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy berkitmek üçin strategik ähmiýeti bolan Aşgabat — Türkmenabat hem-de Aşgabat — Türkmenbaşy awtobanlarynyň gurulmagynyň ähmiýetini belledi.

Häzir bu ýollar ýurdumyzyň üstaşyr-logistika ulgamyny, ykdysady toplumyny, işewürligi hem-de döwletimiziň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň tutuş ulgamyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek wezipelerini çözmek üçin zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz häkimlere bu taslamany amala aşyrmak bilen bagly ähli meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Paýtagtymyzyň golaýynda kesişýän şol ýollar welaýatlary bir bitewi ulag ulgamyna birleşdirer.

Ýurdumyzyň sebitlerinde soňky döwürde Ahal welaýatynda aýna kärhanasy, Mary döwlet elektrik stansiýasynyň çäginde bug-gaz elektrik stansiýasy, Mary şäherinde çagalar hassahanasy, Balkan welaýatynda Türkmenbaşy Halkara deňiz porty hem-de «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş merkezli akwapark we şypahana, Lebap welaýatynyň Türkmenabat Halkara howa menzili hem-de Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat — Farap awtomobil we demir ýollary, şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde döwrebap obalar gurlup, ulanmaga berildi diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Jemgyýeti ösdürmekde ylma uly orun degişlidir diýip, döwlet Baştutanymyz onuň gazananlaryny ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýän işleriň ähli görnüşlerinde ylmy usullary işjeň ulanmak möhümdir. Hususan-da, oba hojalyk ekinleri üçin ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak hem-de ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny artdyrmak, suwarymly ýerleri ekin dolanyşygyna girizmek boýunça netijeli çäreleri kabul etmek işlerinde peýdalanmak zerurdyr diýip, milli Liderimiz belledi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň welaýatlaryny ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamalarynda çäreleriň toplumyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatlary senagat taýdan ösdürmek, olaryň innowasion kuwwatyny artdyrmak üçin täze senagat kärhanalaryny döretmek boýunça taslamalary amala aşyrmak üçin daşary ýurt maýalarynyň çekilmegini häkimleriň esasy wezipeleriň hatarynda kesgitledi. Häzir ýurdumyzda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň netijeli işlemegi üçin amatly şertler döredildi diýip, milli Liderimiz bu babatda özara bagly işleriň toplumyny göz öňünde tutmagy tabşyrdy.

Mundan başga-da, her welaýatyň çig mal binýadyny, işgärler düzümini hem-de adam mümkinçiliklerini işjeň ulanmak maksady bilen, her sebitiň içerki serişdelerini öwrenmegiň möhümdigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow häkimlere anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz işlenip taýýarlanylýan maksatnamalarda durmuş we önümçilik düzümlerini toplumlaýyn ösdürmek üçin ylmyň gazananlaryny we öňdebaryjy tejribäni nazara almagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde hem ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlarynyň, döwrebap obalaryň, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilik toplumlarynyň döredilmeginiň göz öňünde tutulmalydygyny belläp, şunda ilat üçin täze iş orunlarynyň döredilmegini hem-de onuň hal-ýagdaýynyň ýokarlandyrylmagyny möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitledi.

Milli Liderimiz wideokonferensiýany jemlemek bilen, welaýatlary durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamany işläp taýýarlamak boýunça welaýat häkimlikleriniň öňünde durýan möhüm wezipeleri kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz olary üstünlikli çözmek, ýerlerde takyk we utgaşykly işlemegi üpjün etmek boýunça welaýatlaryň ýolbaşçylaryna anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahata gatnaşyjylara «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda ýurdumyzy ykdysady taýdan ösdürmäge, mähriban halkymyzyň bagtly we abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen işde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter