Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat | TDH
Jemgyýet

Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat

опубликованно 21.04.2015 // 841 - просмотров
 

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-nyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan maslahat öz işine başlady.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň giň demokratik özgertmeler ýolunda durmuşa geçirýän çärelerine ýokary baha bermek bilen, duşuşygy guraýjylar Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk guramasynyň saýlaw ulgamynyň we milli kanunçylygyň mundan beýläk-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen hukuk özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde türkmen tarapyna hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardygyny belledi.

Türkmen döwletiniň hukuk ulgamynda ýola goýulýan halkara hyzmatdaşlygyna açykdygyny belläp, maslahata gatnaşyjylar saýlaw işiniň ähli tapgyrlaryna gözegçilik etmek üçin köp sanly daşary ýurtlardan, iri halkara guramalaryndan garaşsyz synçylaryň yzygiderli çagyrylmagy Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna eýerýändigini we adamlaryň hukugynyň, azatlygynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly möhüm resminamalaryň düzgünnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi üçin zerur tagallalary edýändigini kanagatlanma bilen nygtadylar.

Bellenilişi ýaly, özara tejribe alşylmagy we hereket edýän halkara kadalary, daşary ýurtlarda saýlawlaryň guralmagynyň iş tejribeleriniň öwrenilmegi, yzygiderli esasda bilelikdäki mejlisleriň, geňeşmeleriň, okuw maslahatlarynyň we bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara bilermenleriniň gatnaşmagynda “tegelek stoluň” başyndaky duşuşyklaryň geçirilmegi milli saýlaw ulgamynyň mümkinçiliklerini pugtalandyrmakda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin has-da ähmiýetlidir.

Şu gezekki iki günlük maslahatyň çäklerinde düzüminde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň wekilleri bolan maslahata gatnaşyjylar hereket edýän halkara ülňüleri, saýlaw guramalarynyň işi, saýlawçylary we dalaşgärlary hasaba almagyň hukuklary we kadasy, saýlaw möwsüminiň öňüsyrasyndaky esasy tapgyrlary we saýlawlary geçirmegiň düzgünleri, şeýle hem bu babatda giň jemgyýetçiligiň habardar edilmegi bilen baglanyşykly işler bilen tanyşdyrylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter