Birža täzelikleri | TDH
Ykdysadyýet

Birža täzelikleri

опубликованно 19.01.2019 // 493 - просмотров
 

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 41-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna ABŞ-dan, Şwesariýadan, Maltadan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen göni usulda arassalanan benzini, uçar, tehniki hem-de yşyklandyryş kerosini, nebit koksuny, binýatlaýyn ýagy, Russiýa Federasiýasyndan we Täjigistandan gelen işewürler bolsa Gyýanlynyň polimer zawodynda işlenip çykarylan polipropilen we polietilen önümlerini satyn aldylar. Mundan başga-da, Russiýanyň, Germaniýanyň, Gonkongyň, Türkiýäniň, Serbiýanyň, Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri reňksiz list aýna, portlandsement, tüýjümek önümleri, nah ýüplük, pagta süýümini, buýan köküniň erginini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 37 million dollaryna golaý boldy.

Russiýanyň işewürleri manat serişdelerine umumy bahasy 18 million 615 müň manatlykdan gowrak bolan trikotaž, oba hojalyk önümlerini we nah ýüplügi satyn aldylar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter