Filippinler Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň ilçisinden ynanç haty gowşuryldy | TDH
Syýasat habarlary

Filippinler Respublikasynyň Prezidentine Türkmenistanyň ilçisinden ynanç haty gowşuryldy

опубликованно 22.01.2019 // 726 - просмотров
 

21-nji ýanwarda Türkmenistanyň Filippinler Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (ýerleşýän ýeri Tokio ş.) G.Elýasow Filippinler Respublikasynyň Prezidenti Rodrigo Roa Dutertä ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda dostlukly ýurduň Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamy hem-de iň gowy arzuwlary ýetirildi.

Prezident Rodrigo Roa Duterte Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmegiň wajypdygyny belledi hem-de mähirli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, türkmen Liderine hem-de ýurdumyzyň halkyna rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter