Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk giň gerime eýe boldy | TDH
Jemgyýet

Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk giň gerime eýe boldy

опубликованно 14.04.2015 // 846 - просмотров
 

16-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri başlandy.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we birleşikleriniň ilkinji guramalarynyň, şeýle hem raýatlaryň toparlarynyň ýygnaklarynda mynasyp dalaşgärler görkezilýär, şunda olaryň birnäçesiniň kandidaturalary ara alnyp maslahatlaşylýar. Ýeri gelende aýtsak, Saýlaw kodeksine laýyklykda, mundan beýläk Agrar partiýasy hem öz dalaşgärlerini saýlaw komitetleriniň düzümine, şeýle hem Geňeş agzalygyna görkezip bilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda köp partiýalylyk ulgamynyň döredilmegi jemgyýeti has-da demokratiýalaşdyrmagyň we geçirilýän düýpli durmuş özgertmeleriniň maksatlaryna laýyk gelýär. Köp partiýalylygy ösdürmek döwlet dolandyryş ulgamynda giň gerimli özgertmeler nukdaýnazaryndan, şeýle hem syýasy gurallary täzelemek, durmuş, raýat edaralarynyň ýurdumyzyň durmuşyndaky ornuna gaýtadan garamak nukdaýnazaryndan hem möhüm ähmiýete eýedir.

Etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlarynyň täze döredilen düzümleri üçin okuw maslahatlary geçiriler, olar maslahatlara gatnaşyjylara milli saýlaw kanunçylygynda, has takygy, Saýlaw kodeksinde bolup geçen özgerişlikler, öz wezipe borçlary hem-de saýlawlary geçirmegiň tertibi bilen doly tanyşmaga mümkinçilik berer.

Saýlaw möwsümi Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda geçirilip, onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny we ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipelerini nazara almak bilen, bu çäräniň esasy ugurlary beýan edildi. Şonuň bilen birlikde, bu çärede türkmen halkynyň gadymdan gelýän demokratik däpleri öz mynasyp dowamyna eýe bolar. Olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan we yzygiderli durmuşa geçirilýän täze taryhy döwrüň özgertmeler syýasatynyň esasynda goýuldy.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter