Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 23.01.2019 // 759 - просмотров
 

Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda ýaşaýan ilatyň howpsuz ýaşaýyş-durmuş, ykdysady we ekologiýa şertlerini üpjün etmek, seýsmik howplulyk derejesini kesgitlemek we hasaba almak, şeýle hem ýüze çykyp biljek ýertitremeleriň täsirini peseltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekip, «Türkmenistanyň seýsmik taýdan howply zolaklarynda seýsmik töwekgelçiligi peseltmek» maksatnamasyny hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady.

Resminama laýyklykda, Goranmak ministrligine, Ylymlar akademiýasyna, beýleki degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna şu maksatnamanyň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

***

«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek, nebitgaz pudagynyň edaralarynyň daşary ykdysady şertnamalary boýunça hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmegini gazanmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitgaz ýataklarynda gazuw we abatlaýyş işlerinde zerur bolan dürli görnüşli buraw turbalarynyň 2 müň 424 tonnasyny satyn almak barada Italiýa Respublikasynyň «ProBusiness S.r.I.» kompaniýasy bilen baglaşan şertnamasynyň bahasynyň tölege degişli galan bölegini Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmek tabşyryldy.

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Hajyýew Döwletdurdy Täçdurdyýewiçe käýinç yglan edildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter