Türkmenistan – ÝHHG: demokratiýanyň we adam hukularynyň ileri tutulýan ugurlary | TDH
Jemgyýet

Türkmenistan – ÝHHG: demokratiýanyň we adam hukularynyň ileri tutulýan ugurlary

опубликованно 13.04.2015 // 871 - просмотров
 

Aşgabat, 13-nji aprel (TDH). Şu gün Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili jenap Terri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.

Duşuşygyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan durmuş-ykdysady, şol sanda milli kanunçylyk ulgamyndaky düýpli özgertmeleriň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatldaşlygyň geljekki ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Häzirki döwürde halkymyzyň bähbidiniň goralmagyna, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegine gönükdirilen demokrtaik özgertmeleriň durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu babatda dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Abraýly halkara guramasynyň wekiliýetiniň agzalary milli kanunçylygyň halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirilmegine aýratyn ähmiýet berilýän hukuk özgertmeleriň wajyp ugurlary bilen tanyşdyryldy. Duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we ÝHHG-niň netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýändiklerini belläp, parlament edaralaryny ösdürmek ulgamyndaky netijeli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy barada aýtdylar.

Wekiliýetiň Türkmenistanda bolmagynyň maksatnamasynda olaryň “ÝHHG-niň Parlament assambleýasy: mandat, işiň ugurlary we möhüm meseleler” ady bilen geçirilýän maslahata hem-de Türkmenistanyň Milli gyzyl ýarymaý jemgyýetinde geçiriljek duşuşyga gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter