Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi başlandy | TDH
Jemgyýet

Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi başlandy

опубликованно 11.04.2015 // 954 - просмотров
 

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewler gatnaşdyrylýar. Milli Liderimiziň tabşyrygy esasynda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramçylygy mynasybetli geçirilýän bäsleşigi «Türkmen atlary» döwlet birleşigi guraýar.

Bäsleşigiň baş maksady diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň guwanjyna öwrülen ahalteke bedewleriniň dünýä ýüzündäki şöhratyny has-da belende götermekden, ýurdumyzda atçylyk ulgamynyň ösdürilmegini höweslendirmekden ybaratdyr.

Atyň köp sanly muşdaklary ady rowaýata öwrülen «behişdi bedewleriň» saýlama wekilleri bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldular. Bäsleşikde her bir atyň beden gurluşy, onuň aýratynlyklary we dürli tälimleri ýerine ýetirmek ukyplary görkezildi. Bedewler özüniň ajaýyplygy we deňi-taýy bolmadyk gözelligi bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Bedewleriň dürli öwüşgindäki reňkleri, gelşikli aýaklary, owadan boýny, beden gurluşy, ýeňil gopuşy we çydamlylygy atşynaslaryň, seçgiçileriň we seýisleriň köp sanly nesilleriniň döredijilikli we yhlasly zähmetiniň netijesidir. Atşynaslyk bilen baglanyşykly ýörelgeler nesilden-nesle geçip, ony häzirki döwürdäki ýokary netijeli hünärmenler, öz işiniň ussatlary döredijilikli dowam edýärler.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginde Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň habarçysyna habar berlişi ýaly, gözellik bäsleşigine ahalteke bedewdäki tohumlaryň 3 ýaşdan 10 ýaş aralygyndakylary gatnaşdyrylýar. Paýtagtymyzdaky atçylyk toplumynda bar bolan, ýurdumyzyň ministrliklerine, obasenagat toplumynyň edaralarynyň, şeýle hem hususy hojalyklara degişli athanalaryň hersinden bir bedew bäsleşige gatnaşdyrylýar.

«Türkmen atlary» döwlet birleşiginde döredilen ýörite topara gözellik bäsleşigine gatnaşmak üçin isleg bildirýänlerden onlarça teklipler gelip gowuşdy. Geçen ýyllarda bolşy ýaly, toparyň düzümine ýurdumyzyň belli atşynaslaryndan başga-da, döredijilik işgärleriniň wekilleri girizildi.

Bäsleşigiň birinji tapgyrynda ajaýyp ahalteke bedewleriniň 50-den gowragy görkezildi. Toparyň agzalary olaryň beden gurluşyna, gözelligine, tohum arassalygyna baha bermek bilen, «ýylyň bedewi» adyna mynasyp dalaşgärleri saýladylar.

Bäsleşige çykarylan bedewleriň içinden has owadanyny, has gelşiklisini saýlap almak ýeňil düşmedi. Bu ýerde görkezilen bedewleriň hiçisini owadanlykda peslär ýaly däl. Şeýle-de bolsa, bäsleşik bäsleşik bolýar.

Onuň jemleri boýunça birinji tapgyrda owadan atlaryň 20-si saýlanyp alyndy. Olar indiki tapgyra gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Döwlet Baştutanymyzyň kabul eden Kararyna laýyklykda, bäsleşigiň jemleýji tapgyry Türkmen bedewiniň baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçiriler.

Ahalteke bedewleriniň muşdaklarynyň arasynda uly meşhurlyga eýe bolan we atşynaslaryň arasynda hünär bäsleşigi saýylýan gözellik bäsleşiginiň her ýylda geçirilmegi Türkmenistanda atçylygyň ösdürilmegine, arassa ganly ahalteke bedewleriniň saklanmagyna we olaryň baş sanynyň artdyrylmagyna, ajaýyp bedewleriň mundan beýläk-de wagyz edilmegine, türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan bedewleriň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagyna aýratyn ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter