Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisi

опубликованно 25.01.2019 // 1099 - просмотров
 

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň 2018-nji ýylda ýerine ýetiren işleriniň jemlerine, howpsuzlygyň hem-de parahatçylygyň üpjün edilmegi, bu edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk hem pugtalandyrmak meselelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda şeýle hem bu düzümleriň 2019-njy ýylda öňünde goýlan ileri tutulýan wezipeler hem-de esasy çäreler kesgitlenildi.

Ir bilen milli Liderimiz Goranmak ministrliginiň Raýat goranyş we halas ediş işleri baş müdirliginiň binasyna geldi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýew hasabat berýär.

Milli Liderimiz gün tertibini yglan edip, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe hasabat döwründe alnyp barlan işler barada hasabat bermek üçin söz berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, harby gullukçylaryň hem-de harby we hukuk goraýjy işgärleriň durmuş meselelerini çözmek, işgärler kuwwatyny artdyrmak boýunça görülýän çäreler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinada harby we hukuk goraýjy edaralaryň öňünde ileri tutulýan wezipeleriň kesgitlenendigini belläp, Ýaragly Güýçleri mundan beýläk-de ösdürmegiň meýilnamalaryny ýerine ýetirmek üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmegiň möhümdigini nygtady.

Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleri netijeli çözmek, döwrüň talaplaryna laýyklykda olaryň hünärini, ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak üçin ähli şertler döredilýär. Döwletimiz geljekde hem goşunlaryň ähli görnüşleriniň şahsy düzüminiň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we tejribesini artdyrmak, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli işleri dowam eder diýip, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy aýtdy.

Döwlet Baştutanymyz durmuşyň ähli ugurlarynda şahsyýetiň, jemgyýetiň hem-de döwletiň jana-jan bähbitlerini goramakda, ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça Milli howpsuzlyk ministrliginiň wajyp orny barada aýdyp, türkmen jemgyýetiniň parahatçylykly, döredijilikli durmuşynyň binýadyny, Türkmenistanyň mundan beýläk-de ykdysady we ruhy taýdan rowaçlanmagynyň möhüm şerti hökmünde milletiň agzybirligini hem-de jebisligini berkitmegiň möhümdigini belledi. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň öňünde durýan ýakyn geljek üçin işleriň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlemek bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, milli howpsuzlyk ministri Ý.Berdiýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Içeri işler ministri I.Mulikow 2018-nji ýylda ýolbaşçylyk edýän edarasynyň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek we hukuk düzgün bozmalaryň, awtomobil ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, hemme ýerde ýangyn howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Ministr işde täze usullary hem-de döwrebap tehnologiýalary ulanmak boýunça geçirilýän işler we işgärleriň maşgalalarynyň oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edilişi barada hem habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, içeri işler edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi we Içeri işler ministrliginiň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ählisine ýurdumyzda hukuk tertibiniň hem-de kanunçylygyň ýokary derejede berjaý edilmegini, jemgyýetçilik tertibiniň goralmagyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Milli Liderimiz ýol gözegçiligi gullugyna ýol hereketiniň howpsuzlyk düzgünleriniň bozulmagy bilen baglanyşykly hadysalaryň döremeginiň sebäplerini düýpli seljermegi, şolaryň öňüni almaga gönükdirilen anyk we täsirli çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş alyp barmak bu edaranyň işiniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy bu ugurdaky işleri güýçlendirmelidigini belledi. Yzygiderli geçirilýän öňüni alyş çäreleri oňyn netijeleri berýär, olara ähli düzümler — lukmançylyk we bilim edaralary, jemgyýetçilik guramalary, şeýle hem türkmen jemgyýetinde çuňňur sarpalanylýan adamlar hökmünde durmuş paýhasyndan ýüki ýetik bolan ýaşulular, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri gatnaşýarlar diýip, milli Liderimiz wagyz-nesihat işlerini hemişelik esasda geçirmegi tabşyrdy.

Goranmak ministri B.Gündogdyýew hasabat döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň harby birikmeleriniň ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de Watan goragçylarynyň gününe görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Şeýle hem ýolbaşçylyk edýän düzümlerini iň täze tehnikalar we enjamlar bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak barada görülýän çäreler we geçen ýyl geçirilen harby okuwlaryň netijeleri, harby gullukçylaryň gulluk etmegi hem-de olaryň maşgala agzalary üçin göwnejaý durmuş şertlerini döretmek barada habar berildi.

Milli Liderimiz bu edara tarapyndan alnyp barylýan işlere kanagatlanma bildirip, harby özgertmeleriň durmuş meselelerine ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň ähli düzümleriniň 2019-njy ýylda öňünde durýan möhüm wezipeler barada aýdyp, Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 28 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaraly harby ýörişe ýokary derejede taýýarlyk görmek boýunça görkezmeleri berdi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň goranyş kuwwatynyň ýeke-täk maksada — parahatçylygy pugtalandyrmak, eziz Watanymyzyň howpsuzlygyny üpjün etmek maksadyna gulluk edýändigini belledi. Çünki Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy diňe goranyş häsiýetine eýedir. Häzirki wagtda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ygtyýaryna gelip gowuşýan kuwwatly döwrebap ýerüsti we howa tehnikalary döwletimiziň mähriban halkymyzyň we mähriban Watanymyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini kämilleşdirmek meselelerine uly üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Milli goşunymyzyň işgärler mümkinçilikleriniň pugtalandyrylmagyna uly üns bermegiň zerurdygyny aýdyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Goranmak ministrliginiň düzümleýin edaralarynyň ýolbaşçylarynyň harby gullukçylaryň harby hünäri birkemsiz ele almagy, harby düzgün-nyzamy berjaý etmegi bilen baglanyşykly meseleleri berk gözegçilikde saklamalydygyny nygtady.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy terbiýeçilik işlerine aýratyn üns bermegi tabşyryp, ýaş esgerleriň taryhda öçmejek yz galdyran türkmen halkynyň beýik ogullarynyň we gaýduwsyz gerçekleriniň watansöýüjilik, mertlik, edermenlik, ygrarlylyk we agzybirlik ýaly häsiýetlerine eýerip, kasama wepalylygyň nusgasyny görkezmelidiklerini aýratyn nygtady.

Soňra Ýokary kazyýetiň başlygy G.Hallyýew döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de kazyýet ulgamyny umumy ykrar edilen halkara ülňüleriň kadalaryna laýyk getirmek, edaranyň işgärleriniň netijeli işlemegi üçin talabalaýyk şertleri döretmek boýunça 2018-nji ýylda alnyp barlan işler barada hasabat berdi. Şeýle hem Türkmenistanyň kazylarynyň 1-nji maslahatynyň jemleri barada habar berildi, maslahatda bu düzümiň işini kämilleşdirmek boýunça ilkinji nobatdaky wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz bu ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň wajypdygyna ünsi çekip, harby we hukuk goraýjy edaralar bilen bilelikde halk köpçüliginiň arasynda, kärhanalarda, guramalarda, edaralarda, okuw mekdeplerinde hem-de harby bölümlerde, şeýle hem köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde hukuk medeniýetiniň we aň-düşünjeliligiň ýokarlandyrylmagynyň wajypdygy, «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelge esasynda ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli işler baradaky wagyz-nesihat çärelerini alyp barmagy tabşyrdy.

Kazyýet işgärleriniň hünär ussatlyklaryny has ýokarlandyrmak we iş tejribelerini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan okuw sapaklaryny geçirmek işlerini yzygiderli dowam etdirmek hem-de şu günüň talaplaryna laýyk gelýän tehnologiýalaryň üsti bilen köpçülikleýin okuw sapaklaryny geçirmekligi ýola goýmak şu ýylyň ilkinji nobatdaky wezipeleridigini belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu düzümiň ýolbaşçysyna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Mejlisiň dowamynda ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek hem-de wezipeden boşatmak we olara hünär derejelerini bermek barada Permana gol çekdi.

Soňra Baş prokuror B.Atdaýew hasabat döwründe geçirilen işleriň netijeleri, ähli pudaklarda kanunçylygyň berjaý edilişine gözegçilik etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrmagy boýunça geçirilen barlaglaryň netijeleri barada hem hasabat berildi. Berlen giň ygtyýarlyklardan peýdalanylyp, prokuror täsir ediş çäreleri netijeli ulanylýar. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik üpjün edilýär, raýatlarymyzyň hukuklaryny we azatlyklaryny, döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramak boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Kanunyň hökmürowanlygyny berjaý etmekde hem-de hukuk bozulmalarynyň islendik görnüşleriniň öňüni almakda prokuratura edaralaryna aýratyn ornuň degişlidigini nygtap, bu edaranyň welaýat, şäher, etrap bölümleriniň ähli ýolbaşçylarynyň üstüne ýüklenen wezipäniň örän jogapkärlidigini belledi. Döwletimiz bu hukuk goraýjy edaranyň düzüminiň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, onuň işgärleriniň hem-de maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça yzygiderli alada edýär. Şu maksatlar bilen soňky ýyllarda döwrebap edara binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary gurulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy we bu ugurdaky işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Işgärleriň içgin seljerilmegini hem-de saýlanyp alynmagyny amala aşyrmak gerek, olar özleriniň gönüden-göni hünär bilimlerinden başga-da giň gözýetime eýe bolmalydyrlar, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Baş prokuraturanyň ýolbaşçysyna kanunylygyň hem-de hukuk tertibiniň üpjün edilmegi üçin, şol sanda ýurdumyzyň sebitlerinde kanunylygy üpjün etmek maksady bilen talabalaýyk çäreleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Döwlet serhet gullugynyň başlygy Ş.Durdyýew 2018-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işler, ata Watanymyzyň mukaddes serhediniň goragyny güýçlendirmek hem-de garamagyndaky birikmeleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça yzygiderli görülýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem täze nusgadaky serhet galalarynyň binalarynyň, Watan goragçylary üçin maşgala durmuşynda ähli ugurdaş düzümleri bolan has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbidine ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösmegini we onuň ygtybarly goralmagyny, aýratyn hem, dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de doganlyk serhedi bolan Döwlet serhediniň eldegrilmesizligini üpjün etmäge ýardam etmelidigini nygtady. Milli Liderimiz gullugyň harby birikmeleriniň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, bu edaranyň harby gullukçylarynyň söweşjeň, beden, syýasy taýýarlygynyň derejesini ýokarlandyrmagyň wajypdygyny belledi.

Maddy-enjamlaýyn binýadyň pugtalandyrylmagyna aýratyn üns berilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz täze toplumlaryň, harby gullukçylaryň maşgala agzalary üçin durmuş şertleriniň has doly üpjünçiligi bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň barşyny hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy A.Osmanow ýolbaşçylyk edýän düzümlerinde hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, halkara derejede daşalýan ýükleriň möçberiniň artmagy netijesinde soňky ýyllarda bu edaranyň işi has-da işjeňleşdi. Munuň özi bolsa Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly we sazlaşykly ösýändiginiň, onuň dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe «Açyk gapylar» syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde dünýä bileleşiginiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gyzyklanmasy ep-esli artdy diýip belledi. Häzirki döwürde Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça amala aşyrylýan giň möçberli işleriň çäklerinde döwrebap ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça möhüm çäreler görülýär diýip, Ýaragly Güýçlerimiziň Belent Serkerdebaşysy sözüni dowam etdi we halkara polat ýollary, howa menzilleriniň toplumlaryny, Türkmenbaşy şäherinde Halkara deňiz portuny, ýokary tizlikli awtomobil ýollaryny, demir ýollary hem-de awtomobil köprülerini gurmak boýunça taslamalaryň durmuşa geçirilişini aýdyň mysal hökmünde görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz bu edaranyň 2019-njy ýylda alyp barmaly işleriniň geljekki ugurlary barada aýtmak bilen, ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini giňeltmek maksady bilen, serhetde gümrük gözegçiligini döwrebap alyp barmak boýunça öňdebaryjy tejribäni yzygiderli öwrenmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, gullugyň düzümleýin edaralarynyň ählisiniň ýolbaşçylaryna daşalýan ýükleriň depginini yzygiderli seljermegi amala aşyrmak barada görkezme berildi. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijiligini ýokarlandyrmak we logistiki ulgamy ösdürmek üçin zerurdyr diýip, Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow durmuş häsiýetli meseleleri çözmäge, hususan-da, bu edaranyň işgärlerini döwrebap ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň adalat ministri B.Muhamedow 2018-nji ýylda kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, hususan-da, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik maksatlaryna ýetmäge hem-de wezipelerini çözmäge gönükdirilen täze kadalaşdyryjy-hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak boýunça amala aşyrylan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz kanunçylyk hukuk namalaryny halkara hukugyň kadalaryna laýyk getirmäge gönükdirilen hukuk ulgamyndaky özgertmeleriň örän wajypdygyna Adalat ministrliginiň işgärleriniň ünsüni çekip, ýurdumyzyň raýatlaryna kabul edilýän hem-de hereket edýän kanunlary düşündirmek boýunça işleriň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Soňra Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy M.Gurdow geçen ýylda ýerine ýetirilen işler, ýolbaşçylyk edýän düzüminiň has netijeli işini üpjün etmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi hem-de işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döretmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, gullugyň işgärleriniň ünsüni geljekde ýerine ýetirilmeli işleriň wajyp ugurlaryna çekdi. Öňdebaryjy tejribäni hem-de dünýä tejribesini işjeň ornaşdyrmak, şeýle hem ýokary hünärli, işini bilýän ýaş işgärleri taýýarlamak meseleleri gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Milli Liderimiz gullugyň ähli düzümleriniň işiniň Türkmenistana gelýän daşary ýurtly myhmanlaryň takyk hasabyny üpjün etmäge gönükdirilmelidigini aýdyp, birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz işgärleriň gulluk we durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak meseleleriniň hemişe gözegçilikde saklanmalydygyny aýdyp, gullugyň başlygyna öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra çykyş eden Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory M.Hudaýkulyýew 2018-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, korrupsiýa garşy göreşmek boýunça maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, iş ýüzünde görlen çäreler barada hasabat berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz ykdysady jenaýatlara garşy göreşi güýçlendirmek, şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugyny Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine birleşdirmek hakyndaky Permana gol çekdi we bu edaranyň ýolbaşçysyna täze düzümiň işini talabalaýyk guramak üçin degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.

Soňra milli Liderimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisine gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda her ýylyň 27-nji ýanwarynda Watan goragçylarynyň güni dabaraly ýagdaýda bellenip geçilýär. Biz bu baýramçylygy şu ýylda hem uly dabara bilen belläp geçeris diýip aýtdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli üstünliklerimiziň, ykdysady we medeni-ruhy ösüşlerimiziň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň, durmuş derejesiniň ýokarlanmagynyň binýady bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy ygtybarly goramak, ata Watana wepaly gulluk etmek ýaly mukaddes borç Watan goragçylarynyň paýyna düşýär diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy nygtady.

Milli Liderimiz esgerleriň hem-de serkerdeleriň özleriniň mukaddes harby we raýatlyk borjuny gyşarnyksyz ýerine ýetirmek bilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlaryny berk gorajakdyklaryna, türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň hem-de howpsuzlygynyň, mähriban halkymyzyň parahat durmuşynyň goragynda ygtybarly durjakdygyna ynam bildirip, ýygnananlary Watan goragçylarynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady.

Giňişleýin mejlisiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryny we işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky» Permana hem-de «Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň gullukçylaryna we işgärlerine harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek hakyndaky» Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle hem Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, 3-nji hünär derejeli G.Hallyýewe 2-nji hünär derejesini bermek hakyndaky, Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň uly geňeşçisi B.Atdaýewe ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi hünär derejesini bermek hakyndaky, Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Ş.Durdyýewe general-maýor harby adyny dakmak hakyndaky, Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, polkownik A.Osmanowa general-maýor harby adyny dakmak hakyndaky Permanlara gol çekdi. Döwlet Baştutanymyz Permanlara gol çekip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna hut özi degişli nyşanlary gowşurdy.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary harby kasama, ata Watanymyza wepalylygyň hem-de mähriban halkymyzyň parahat we döredijilikli durmuşynyň goragynda gaýduwsyz durmaga taýýardygynyň nyşany hökmünde baş egip, Türkmenistanyň mukaddes Döwlet baýdagyny öpýärler.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyz biz döwletimiziň alyp barýan, parahatçylyk söýüjilige pugta eýerýän ynsanperwer syýasatyna laýyklykda kabul edilen, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyzyň esasynda harby we hukuk goraýjy edaralarymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkidýäris diýip belledi.

Harby gullukçylarymyz we olaryň maşgala agzalary barada hemişe alada etmek ileri tutulýan ugurlaryň biridir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we olaryň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak, ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, oňat dynç almaklary, yhlasly zähmet çekip, Watana halal gulluk edip, uly üstünlikleri gazanmaklary üçin ähli zerur şertleri döretmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigini nygtady.

Döwletimiz bu ugurda mundan beýläk-de netijeli çäreleri görer diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde şeýle hem beýleki meselelere garaldy, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mejlisi jemläp, oňa gatnaşyjylara halkymyzyň asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikler hem-de maşgala abadançylygyny arzuw etdi.

***

Soňra döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryndan Watan goragçylarynyň güni mynasybetli gutlaglary kabul etdi. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowy şanly sene bilen tüýs ýürekden gutlap, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary milli Liderimize parahatçylyk, abadançylyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynsanperwerlik we giň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan syýasaty, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek babatda şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler.

Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, harby gullukçylaryň päk ýürekden gulluk etmelidigini we eziz Watanymyza, harby kasama wepalylygyň hakyky nusgasyny görkezmelidigini nygtady. Olar türkmen halkynyň Watanymyzy söýmek, gaýduwsyzlyk we edermenlik ýaly belent häsiýetlerini hem-de watançylyk gymmatlyklaryny mynasyp dowam etdirmelidirler.

Biziň halkymyzyň müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş alýan şöhratly we gahrymançylykly, milli buýsanjymyza öwrülen taryhy bar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe edermen ata-babalarymyzyň harby däpleri häzirki döwrüň ruhuna laýyk derejede kämilleşdirilýär. Munuň özi ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň alyp barýan işinde öz beýanyny tapýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Milli Liderimiz döwletimiziň mundan beýläk hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň işini kämilleşdirmek, harby gullukçylaryň netijeli gulluk etmegi we olaryň maşgalalarynyň göwnejaý ýaşamagy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada yzygiderli alada etjekdigini belläp, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryny ýurdumyzda giňden bellenilýän şanly sene mynasybetli ýene-de bir gezek gutlady we olara alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter