Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

опубликованно 25.01.2019 // 860 - просмотров
 

Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hem-de olara hünär derejelerini bermek hakynda

«Kazyýet hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň 54-nji, 56-njy, 72-nji we 83-nji maddalaryna laýyklykda, karar edýärin:

Rahman Joragulyýewiç Hojiýewi Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Babajan Gurbangeldiýewiç Welmämedowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gülröwşen Hemraýewna Annaýewany Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Gurbanmyrat Meretgeldiýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Mary şäher kazyýetiniň başlygy wezipesine belläp, ony Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygy wezipesinden boşatmaly;

Rozymyrat Durdyweliýewiç Hudaýberdiýewi Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap kazyýetiniň kazysy wezipesine belläp, ony Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesinden boşatmaly;

Wepa Muhammetmyradowiç Meredowy Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Şöhrat Dädebaýewiç Weljikowy Lebap welaýatynyň Dänew etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Azamat Beşimowiç Çaryýewi Mary welaýatynyň Mary etrap kazyýetiniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazysy wezipesine bellemeli we oňa 5-nji hünär derejesini bermeli;

Jumageldi Baýramowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Jumamyrat Kakageldiýewiç Nazarowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Durdymuhammet Taňyrberdyýewiç Akjaýewi ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap kazyýetiniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatmaly;

Rejepdurdy Çaryýewiç Hudaýberenowy ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Lebap welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly;

Sülgün Amanowna Annadurdyýewany ygtyýarlyklarynyň möhletiniň tamamlanandygy sebäpli, Mary welaýat kazyýetiniň kazysy wezipesinden boşatmaly.

Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter