Resmi habarlar | TDH
Syýasat habarlary

Resmi habarlar

опубликованно 25.01.2019 // 747 - просмотров
 

Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsuzlygy, hukuk tertibini we kanunçylygy üpjün etmäge goşan uly şahsy goşantlary üçin hem-de berkarar Watanymyza, merdana halkymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini, döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, gazanan uly üstünliklerini nazara alyp, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň we işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanyldy.

***

Mukaddes harby borjuny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan goşantlaryny hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup, şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli we Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 15-nji bendine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow degişli Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter