Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär | TDH
Syýasat habarlary

Türkmenistan — GDA: ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

опубликованно 28.01.2019 // 687 - просмотров
 

Şu gün Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýetiniň paýtagtymyza bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň birnäçe ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda duşuşyklar hem-de gepleşikler geçirildi.

Wekiliýetiň düzüminde Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirliginiň başlygy, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň halk artisti Polat Bilbil ogly, Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdirligine başlyklyk ediji, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň halkara medeni hyzmatdaşlyk boýunça ýörite wekili Mihail Şwydkoý hem-de Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň ýerine ýetiriji direktory, teatr we jemgyýetçilik işgäri Tahir Iksanow bar.

Hususan-da, Medeniýet ministrliginde geçirilen duşuşykda Aşgabatda Türkmenistanyň Arkalaşyga başlyklyk etmeginiň çäklerinde 2019-njy ýylda GDA gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň nobatdaky XIV maslahatyny geçirmäge görülýän taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maý aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän iki günlük maslahatyň deslapky maksatnamasyna garaldy. Onuň dowamynda däp bolan «Arkalaşygyň ýyldyzlary» atly döwletara baýragyny gowşurmak dabarasy bolar.

Şeýle hem GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgüdi esasynda yglan edilen Kitap ýylynyň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýän dürli çäreleriň meýilnamalary, ýazyjylar simpoziumlaryny, kitap sergilerini geçirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Arkalaşygyň çäklerinde medeni we döredijilik gatnaşyklaryny ösdürmek bilen baglanyşykly dürli tekliplere garaldy.

Mundan başga-da, Bilim ministrliginde geçirilen duşuşykda umumy ylym-bilim giňişligini ösdürmek, ýaşlaryň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, talyplaryň ylmy-barlag taslamalaryna, ekologiýa ulgamyndaky gatnaşyklara goldaw bermek ýaly ugurlarda ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň wekiliýeti ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde hem kabul edildi. Şol ýerde hyzmatdaşlygyň we bilelikdäki çäreleri geçirmegiň meselelerine garaldy.

Myhmanlar GDA-nyň çäklerinde özara gatnaşyklar bilen baglanyşykly meselelere yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar. Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna başlyklyk etmek wezipesine örän jogapkärli we işjeň çemeleşmelerine ýokary baha berildi.

 
 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter