Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi | TDH
Jemgyýet

Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi ulanylmaga berildi

опубликованно 27.01.2019 // 528 - просмотров
 

Türkmenabatda dört gatly täze ýaşaýyş jaýlarynyň ikisiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Zergeriň demir-beton önümleri zawodynyň işgärleri şäheriň günortasynda Lebap welaýat polisiýa müdirliginiň işgärleriniň maşgalalary üçin ýaşaýyş jaýlaryny bina etdiler.

Ýokary amatlykly jaýlaryň taslamasy häzirkizaman şähergurluşyk ýörelgelerine laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy. Her biri kyrk maşgala niýetlenen täze jaýlarda ýaşaýyş üçin zerur şertleriň ählisi döredilen, olaryň gurluşygynda ekologiýa taýdan arassa döwrebap gurluşyk we bezeg serişdeleri ulanyldy. Giň, amatly 3 we 4 otagly öýler döwrebap dizaýny bilen tapawutlanýar. Jaýlaryň töweregi abadanlaşdyrylan we agaçlar oturdylan. Çagalar we sport meýdançalary, maşgala dabaralaryny gurnamak we sadaka bermek üçin jaý, ulag duralgasy ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Jaýlaryň ulanylmaga berilmegine bagyşlanan dabara welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşulylar, ýaşlar gatnaşdylar. Täze jaýlara göçüp baranlar we çäräniň myhmanlary üçin aýdym-sazly çykyşlar gurnaldy. Tapawutlanan gurluşykçylara gymmatly sowgatlar gowşuryldy.

Zergeriň demir-beton önümleri zawodynyň gurluşyk bölümleri şu ýyl hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri üçin köp öýli jaýlaryň ýene birnäçesini gurmagy göz öňünde tutýarlar.

Häzirki wagtda Türkmenabatda geçen ýylyň tomsunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda düýbi tutulan täze ýaşaýyş jaý toplumynda 32 öýli jaýlaryň dördüsiniň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Olaryň ikisi Türkmenabat halkara aeroportunyň işgärleriniň maşgalalaryna niýetlenendir.

Bu binalaryň gurluşygyna döwlet gurluşyk guramalary bilen birlikde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy gurluşyk kompaniýalaram gatnaşýarlar. Täze ýaşaýyş jaý toplumynda hersi 32 öýli 4 gatly jaýlaryň 17-si we 2 gatly kottej jaýlaryň 170-si bolar. Taslamada şeýle hem 600 okuwça niýetlenen mekdep, hyzmat öýi, söwda merkezi we durmuş düzümleriniň beýleki binalary göz öňünde tutulan.

 
 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter